Ma­laý­zi­ýa Türk­me­nis­ta­nyň Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa se­bi­tin­dä­ki iri hyz­mat­daş­la­ry­nyň bi­ri­dir. Iki döw­le­tiň ara­syn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­lar 1992-nji ýy­lyň 17-nji ma­ýyn­da ýo­la go­ýul­dy. Ge­çen dö­wür­de öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk­da oňyn tej­ri­be top­lan­dy. Ma­laý­zi­ýa­nyň hä­zir­ki ýo­ka­ry ösüş dep­gi­ni­niň bin­ýa­dy­ny go­ýan Prem­ýer-mi­nistr Ma­hat­hir Mo­ham­mad 1994-nji ýyl­da Türk­me­nis­tan­da res­mi sa­par­da bo­lup­dy. Aý­ra­tyn-da 2007-nji ýyl­dan bä­ri türk­men-ma­laý gat­na­şyk­la­ry­na iler­leý­ji ösüş meý­li mah­sus­dyr. Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa se­bi­ti­niň döw­let­le­ri bi­len kö­pu­gur­ly gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek nuk­daý­na­za­ryn­dan, Türk­me­nis­tan Ma­laý­zi­ýa bi­len däp bo­lan hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ýar. Iki ýur­duň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar öza­ra hor­mat goý­mak ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýar. Şun­da söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­lar oňyn ösüş dep­gi­ni bi­len hä­si­ýet­len­di­ril­ýär. Se­bi­tiň ok­gun­ly ös­ýän döw­let­le­ri­niň ha­ta­ry­na gir­ýän Ma­laý­zi­ýa Türk­me­nis­ta­nyň yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş­la­ry­nyň bi­ri­dir.
Bi­lim ul­ga­my hem hyz­mat­daş­lyk­da ile­ri tu­tul­ýan ugur­dyr. Ma­laý­zi­ýa – dün­ýä­de ylym-bi­lim ul­ga­my ösen, bu ba­bat­da iş­jeň hyz­mat­daş­lyk ed­ýän döw­le­ti­miz. Bi­lim we ýo­ka­ry hü­när­li iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak ul­ga­myn­da hem türk­men–ma­laý­zi­ýa hyz­mat­daş­ly­gy­nyň oňyn tej­ri­be­si top­la­nyl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ma­laý­zi­ýa res­mi sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­met we­ki­li­ýe­ti­niň ag­za­la­ry Kua­la-Lum­pur şä­he­rin­de ma­laý­zi­ýa­ly kär­deş­le­ri bi­len du­şu­şyk­la­ry ge­çir­di­ler. Şo­la­ryň do­wa­myn­da dür­li ugur­lar­da­ky iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Iş­jeň ýag­daý­da ge­çen du­şu­şyk­la­ryň bar­şyn­da ta­rap­lar türk­men-ma­laý gat­na­şyk­la­ry­nyň oňyn ösüş dep­gi­ni­ni bel­le­di­ler. Iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ryň gün ter­ti­bi­ne sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka, söw­da-yk­dy­sa­dy, oba ho­ja­ly­gy, ylym, bi­lim, me­de­ni-yn­san­per­wer, ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar ul­gam­la­ryn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň mö­hüm me­se­le­le­ri gi­ri­zil­di.
Gep­le­şik­le­riň jem­le­ri bo­ýun­ça res­mi­na­ma­la­ryň uly top­lu­my­na gol çe­kil­di. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da Türk­men döw­let bi­na­gär­lik¬-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty bi­len Ma­laý­zi­ýa­nyň Te­na­ga uni­wer­si­te­ti­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty bi­len Ma­laý­zi­ýa­nyň Te­na­ga uni­wer­si­te­ti­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-¬gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty bi­len Ma­laý­zi­ýa­nyň San­weý uni­wer­si­te­ti­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­ty bi­len Ma­laý­zi­ýa­nyň San­weý uni­wer­si­te­ti­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-¬teh­ni­ki we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty bi­len Ma­laý­zi­ýa­nyň San­weý uni­wer­si­te­ti­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti bi­len Ma­la­ýa uni­wer­si­te­ti­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma bar.
Bu Äht­na­ma­lar ylym-bi­li­mi glo­bal dü­şü­niş­mek ýo­ly bi­len ös­dür­mek bo­ýun­ça edil­ýän ta­gal­la­la­ryň bir bö­le­gi­dir. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň Ma­laý­zi­ýa ama­la aşy­ran res­mi sa­pa­ry­nyň ne­ti­je­le­ri iki ýur­duň deň­hu­kuk­ly, öza­ra bäh­bit­li, uzak möh­let­le­ýin döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­ny mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­gy mak­sat edin­ýän­di­gi­ni aý­dyň gör­kez­di.
Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, dün­ýä de­re­je­sin­de ab­raý­ly ýo­ka­ry bi­lim eda­ra­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk et­mek­de dö­red­ýän müm­kin­çi­lik­le­ri üçin Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­za çäk­siz sag­bol­sun­la­ry­my­zy aýd­ýa­rys. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun, mun­dan beý­läk hem alyp bar­ýan iş­le­ri ro­waç­ly­ga bes­len­sin!
Aman­my­rat Ara­zow, Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň Ylym bö­lü­mi­niň baş­ly­gy.