Syýahatlara ýöriteleşen “BookRetreats” portaly tebigatda has gowy rahatlanyp, şäheriň “gohundan” dynç alyp boljak ýurtlaryň sanawyny düzdi. Bilermenler howpsuzlyk derejesi, goralýan ýerleriň sany, ilatyň gürlügi, galmagalyň we “yşyk hapalanmasynyň” derejesi, ýol hereketi, tokaýlaryň sany we sagaldyş çärelerine gatnaşmak mümkinçiligi ýaly dokuz ölçeg boýunça 76 ýurdy seljerdiler.
Birinji orny Awstraliýa eýeledi. Daşary ýurtlulary hem hasaba alanyňda, bu ýurduň her bir inedördül kilometrinde ortaça 3,4 adam bar. Deňeşdirmek üçin, Italiýada – 198, Wýetnamda – 308, Koreýa Respublikasynda – 511, Mawrikide – 626.
Bilermenler hasabatda Ýewropanyň şypahanalarynda çola we ümsüm ýerleriň ýeterlik däldigini bellediler. Sanawada 30-njy orunda barýan Italiýa syýahatçylaryň akymyna garşy durup bilmeýän bolsa, Awstraliýa 50 million az syýahatçy gelýär.
Kanada her bir inedördül kilometrindäki 3,9 adamy bilen ikinji orny eýeledi. Islandiýa, Finlýandiýa we Täze Zelandiýa ilatyň gürlügi boýunça her inedördül kilometre 20 adamdan pes düşýän ilkinji bäş ýurduň hataryna girdi. Şeýle hem tebigy çäkleriň meýdany möhüm görkeziji bolup durýar. Awstraliýa, Täze Zelandiýa, Awstriýa we Botswana milli seýilgähleriň, batgalyk ýerleriň, deňiz sebitleriniň we tokaýlarynyň 30 göterimini gorap saklaýar. Gyzykly tarapy, Botswana we Namibiýa top-25-e girip, Gresiýa, Kosta-Rika, Fransiýa we Taýland ýaly öňden belli dynç alyş ýerlerinden öňde barýar.
“Iň rahatlandyryjy ýurtlaryň” top-20-i şeýle görnüşde: Awstraliýa, Kanada, Islandiýa, Finlýandiýa, Täze Zelandiýa, Awstriýa, Şwesiýa, Estoniýa, Norwegiýa, Portugaliýa, Botswana, Horwatiýa, Germaniýa, Çernogoriýa, Ýaponiýa, Ispaniýa, Bolgariýa, Litwa, Çehiýa, Malaýziýa.