Pol­şa 2035-nji ýyl­dan baş­lap Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gin­de me­ýil­leş­di­ril­ýän için­den ot­lan­ýan he­re­ket­len­di­ri­ji­le­ri bo­lan tä­ze aw­tou­lag­la­ryň ha­sa­ba alyn­ma­gy­na gi­ri­zi­len ga­da­gan­çy­ly­ga gar­şy­dy­gy­ny mä­lim et­di. Bu baş­lan­gy­jyň çä­gin­de War­şa­wa hä­zir­ki wagt­da Ita­li­ýa we Çe­hi­ýa bi­len bi­le­lik­de eý­ýäm tas­syk­la­nan düz­gün­le­re tä­ze­den ga­ra­ma­gy mak­sat edin­ýän stra­te­gi­ýa­ny iş­läp düz­ýär. Bu, aý­ra­tyn mö­hüm, se­bä­bi Pol­şa ýan­war aýyn­dan baş­lap Ýew­ro­pa Ge­ňe­şi­niň baş­lyk­ly­gy­ny öz üs­tü­ne alar. Bu ýag­daý bol­sa, gün ter­ti­bi­ne iş­jeň tä­sir et­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer.
Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ýo­ka­ry de­re­je­li dip­lo­ma­ty­nyň Brýus­sel­de žur­na­list­ler bi­len du­şu­şy­gyn­da be­ren be­ýa­na­ty­na gö­rä, üç ýurt hem umu­my ga­raý­şa eýer­ýär: bel­le­ni­len möh­let­de elekt­rou­lag­la­ra do­ly ge­çi­şiň müm­kin däl­di­gi­ni su­but et­mek üçin düz­gün­na­ma­ny göz­den ge­çir­me­gi çalt­lan­dyr­mak. Hä­zir­ki düz­gün­ler ga­da­gan­çy­ly­gyň 2026-njy ýyl­da göz­den ge­çi­ril­me­li­di­gi­ni göz öňün­de tut­ýar, em­ma Pol­şa, Ita­li­ýa we Çe­hi­ýa bu pro­se­du­ra­nyň in­di­ki ýy­lyň ba­şyn­da baş­la­ma­gy­na ta­gal­la ed­ýär.
Dip­lo­mat esa­sy mak­sa­dyň hä­zir­ki ýag­daý­da bu ga­da­gan­çy­ly­gy ýe­ri­ne ýe­ti­rip bol­ma­jak­dy­gy­ny su­but et­mek­di­gi­ni aýt­dy. Ol bu düz­gü­niň Ýew­ro­pa­nyň aw­tou­lag se­na­ga­ty­na çyn­la­kaý zar­ba bo­lup bil­jek­di­gi­ni sö­zü­niň üs­tü­ne goş­dy.
– Ga­da­gan­çy­ly­gyň tä­si­ri­ne we yk­dy­sa­dy ne­ti­je­le­ri­ne nä­çe ir ba­ha be­ril­se, düz­gün­le­ri yza süý­şür­mek ýa-da ýe­ňil­leş­dir­mek ba­ra­da yla­la­şy­ga gel­mek müm­kin – di­ýip, ol bel­le­di. Onuň söz­le­ri­ne gö­rä, şeý­le ba­ha ber­me­giň ne­ti­je­le­ri Ýew­ro­pa­da aw­tou­lag se­na­ga­ty­nyň uzak möh­let­le­ýin stra­te­gi­ýa­sy­nyň esa­sy öze­ni bo­lup dur­ýar.