Dag gerişlerine çykmakda şeýle hem beýikli-pesli şäherlerde ýolagçy gatnawy üçin asman ýollary gurulýar. Şweýsariýanyň Bern şäherinde Alp daglarynyň eteginde “dünýäniň iň dik asma ýoly” açyldy. Şilthorn belentligindäki adybir asma ýol täsin inženerçilik desgasy hasaplanýar. Ýolagçylar dikligi 75 dereje bolan 775 metr belentlige 4 minutda çykýarlar. Asma ýolda jemi üç düşelge bar. Ozal Şehelberg-Mýurren-Birg-Şilthorn aralygyndaky syýahat 32 minutda geçilýän bolsa, indi ýolagçylar bu aralygy 18 minuta geçýärler. Asma ýolda her biri 85 orunlyk kabinalar bar. Entek Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmedik hem bolsa, desga iň dik asma ýol hasaplanýar. Ýolagçylar depäniň çür depesine ýetenlerinde 1969-njy ýylda düşürilen “Jeýms Bond: Onuň Alyhezretleriniň gizlin gullugy” kinosy bilen meşhurlyk gazanan aýlanýan restorany görerler.
Bernli binagär Konrad Wolf tarapyndan dizaýn edilen, dünýäniň ilkinji aýlanýan restorany diýlip kabul edilýän bu restoranyň myhmanlary oturan ýerlerinden daş-töweregi 360 derejelik synlap bilýärler. Şeýlelikde bu asma ýol Alp daglarynyň tebigy gözelliklerine syn etmäge mümkinçilik berýär.
2017-nji ýylda Şweýsariýada Stoos etrabynda 110 derejelik ýapgyda çykýan funikulýor gurlupdy.