Täze ýyl baýramçylygy ähli ynsanlaryň kalplaryna şatlyk paýlap, uly-uly umytlara, owadan arzuwlara besleýär. Bu ajaýyp baýramçylyk dünýäniň ähli künjeklerinde bellenilýär. Täze ýyl baýramy maşgala baýramçylygy hökmünde hem meşhurdyr. Öz senenamalaryny millileşdirip ulanýan medeniýetleriň köpüsinde Täze ýyl baýramçylygyny bellemek örän möhüm çäreleriň biri bolup durýar.
Häzirki döwürde ýurtlaryň köpüsinde Grigoriý senenamasy ulanylýar. Täze ýyl baýramynyň belleniliş senesiniň senenamalara görä üýtgemegi bilen, şol baýramçylygyň belleniliş tertibi, däpleri we özboluşly aýratynlyklary hem üýtgeýär. Meselem, Mikroneziýada hem täze ýyl 1-nji ýanwarda garşy alynýar. Ähli adamlar täze ýyl güni özi üçin täze bir at oýlap tapýar we bu hakda ýakynlarynyň gulagyna pyşyrdap aýdýarlar. Garyndaşlarynyň bir bölegi bolsa şol wagt bar güýji bilen deprek çalýarlar. Käbir ýurtlarda adamlar Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda iň gowy arzuwlaryny kagyza ýazýarlar. Sagat 00:00-da jaň kakylanda kagyz ýakylýar. Jaň kakylyp gutarýança kagyz ýanyp gutarsa arzuwynyň hasyl boljakdygyna ynanýarlar. Täze ýyl agşamynda bir bölek süýjülik torty Tibetden geçip barýanlara paýlanýar. Täze ýylyň bereketli gelmegi paýlanan süýjülik tortunyň sany bilen baglanyşykly. Döwletimizde Täze ýyl maşgala baýramçylygy hökmünde giňden bellenilýär. Paýtagtymyzda bu baýram her ýyl «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada uly şowhun bilen geçirilýär. Bu ýerde asylly däbe görä, giň gerimli dabaralar ýaýbaňlandyrylýar. Sekizburçly ýyldyz we «2025» ýazgy bilen bezelen, köp sanly kümüşsöw garjagazlarda, dürli öwüşgindäki yşyklarda ýalkym saçýan Baş arçanyň beýikligi 44 metre, ini 16 metre deňdir.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen halkynyň her güni toý-baýrama, ruhubelentlige beslenip gelýär. Ine, bu günki gün hem türkmen halky Täze ýyl baýramyny uly dabara bilen garşylamaga taýýarlyk görýär. Täze ýylyň gelmegi bilen, ýurdumyzyň ähli ýerinde bu baýramçylygyň şanyna geçirilýän çäreleriň şowhuny barha artýar. Aýratyn-da, bu günler paýtagtymyz Aşgabat şäherini görmäge göz gerek. Ajaýyp ýollaryň ugrunda bezelen yşyklara gözüň düşende bütin dünýäňi şatlyk gurşap alýar. Täze ýyl çäreleriniň dabaralary has artýar. Täze ýyl arçasynyň ýanynda Aýazbabadyr Garpamyk bilen şowhuna beslenýän baýram çagalar baglarydyr mekdeplerde, edara-kärhanalarda has-da guramaçylykly geçýär. Täze ýylyň şatlyk-şowhuna beslenip gelmeginde uly many bar. Her bir täzelenýän ýyl adam ömrüniň dowamlylygynyň alamaty bolup, kalplara şugla salýar.
Türkmen halkyny mundan-da röwşen ertirlere ynamly alyp barýan, özüniň beýik işleri, parasatly başlangyçlary, döwlet tutumlary bilen ata Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä doldurýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, ýurdy abadan bolsun! Täze ýylyňyz gutly bolsun!
Gülzada ANNAGULYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.