Hindistanyň öňki Premýer-ministri we “Hindi milli kongresi” partiýasynyň (INC) başlygy Manmohan Singh 26-njy dekabrda 92 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada Hindistanyň Saglygy goraýyş ministrligi habar berdi.
M. Singh 2004-nji ýyldan 2014-nji ýyla çenli yzly-yzyna iki gezek Hindistanyň Premýer-ministri bolup işledi, INC-iň ýolbaşçylygyndaky Birleşen Ösüş Bileleşigi (UPA) tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän koalisiýa hökümetine ýolbaşçylyk etdi.
1991-nji ýylda ýurduň maliýe ministri bolup işlände, Hindistanyň ykdysadyýetini liberallaşdyrmagyň baş binagäri hasaplanypdy.
Meşhur ykdysatçy we döwlet işgäri M.Sing soňky ýyllarda saglyk ýagdaýy zerarly syýasat bilen meşgullanmady. Ol şu ýylyň başyndan bäri özüni erbet duýup ugrapdy.