Çagalygyndan okap, hem ýazyp bilmegi arzuw eden Braziliýanyň San-Paulu ştatynyň ýaşaýjysy, 91 ýaşy arka atan zenan Iolanda Ribeýro Kontin orta bilim berýän mekdebi tamamlady. Ýaşuly zenanyň çagalykda eden arzuwy garrylyk çagynda hasyl boldy. Ol “Men çagalygymdan bäri öz adymy ýazyp bilmegi arzuw edýärdim, emma okamagy-ýazmagy başarmaýanlygym meni gaty biynjalyk edýärdi. Muňa garamazdan, men çagalyk arzuwymdan hiç wagt el çekmedim” – diýip belleýär. Ol 8 ýaşyndaka meýdan işlerinde maşgalasyna we kömek etmeli bolupdyr. Şu ýagdaýlar sebäpli hem ýaş gyzyň bilim almaga, okamaga wagty bolmandyr. Emma ol hemişe okamagyň aladasynda bolupdyr. Ol adyny ýazmagy 85 ýaşyndaka öwrenipdir. Ýaňy-ýakynda garry zenana orta bilim hakyndaky şahadatnama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 91 ýaşy arka atandygyna garamazdan, Iolanda daýza okuwyny mundan beýläk hem dowam etdirmegi, ýagny ýokary okuw mekdebine girmegi arzuw edýär. Häzirki wagtda ol lukmançylyk ugrundan ýokary bilim alyp, geljekde berhiz lukmany bolmakçydygyny uly buýsanç bilen belleýär.
Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy