Ata Watanymyzyň her bir ýyly uly üstünliklere, şanly wakalara beslenýär. Bu bolsa ýurdumyzy syýasy, ykdysady we medeni-durmuş taýdan ösdürmek boýunça kabul edilýän maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine, hormatly Prezidentimiziñ baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiziň täze belentlikleriň ýoly bilen aýdyň geljege tarap ynamly barýandygyna, ýurdumyzyň bolsa halkara derejesinde tutýan ornunyň barha ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamy görlüp-eşidilmedik derejede ösdi. Saglygy goraýyş edaralarynyň ähli görnüşleriniň dünýäniň iň öňdebaryjy, täze tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylmagy, täze-täze tehnikalaryň dürli kysymlary bilen baýlaşdyrylmagy halkymyza edilýän hyzmatyň hiline täsir edýär we ýurdumyzda halkymyzyň saglygynyň ýurdumyzyň berk binýady boljakdygyna çuňňur ynam döredýär. Çünki ynsan hakyndaky, onuň saglygy we abadançylygy hakyndaky aladany hemişe üns merkezinde saklaýan döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary derejedäki sporty ösdürmek meselelerine örän çynlakaý üns berip, bu ugurda anyk, yzygiderli çäreleri durmuşa geçirýär.
Köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sporty ösdürmek maksady bilen bu ugurda hem uly işler edilýär. Beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, ýurdumyzyň şäherdir obalarynyň görküne görk goşýan hem-de dünýä ülňülerine laýyk gelýän iri sport we atçylyk sport toplumlary, stadionlar, köp sanly ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, şypahanalar, sagaldyş merkezleri yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär.
Ýurdumyzda welosiped sportuny ösdürmäge-de uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sportuň dürli ugurlaryny ösdürmek, şonuň bilen bir hatarda halkyň saglygyny berkitmek barada uly alada edýär.
Welosiped sürmek bedenterbiýäniň bir görnüşi bolup, çagalar özüniň fiziki ösüşini gowulandyrmak, uly adamlar bolsa öz saglyklaryny berkitmek üçin meşgullanýarlar. Halkymyzyň aladasy bilen ýaşaýan, onuň sagdynlygyny, bagtyýarlygyny gazanmak barada ähli tagallalary edýän, sport bilen meşgullanmagyň, işjeň we sagdyn dynç almagyň nusgasyny görkezýän hormatly Prezidentimiz welosiped ýörişlerini amala aşyrmak bilen görelde bolýar. Welosiped sürmek adamyň saglygyna oňaýly täsir edýär. Sportuň welosiped görnüşi bilen meşgullanmak – uzak ýaşamagyň syrydyr.
Halkymyzyň saglygy we bagtyýar ýaşaýşy, tutuş adamzadyň abadan durmuşy ugrunda amala aşyrýan bimöçber işlerinde hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde hemişe üstünlikleriň we rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw edýäris!
Nurmurat Mämmetsahatow,
Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň endoskopiýa ylmy-kesgitleýiş bölüminiň müdiri.