Altyn güýzüň ilkinji gününde ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenildi. Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda täze okuw ýylynyň ilkinji sapagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna bagyşlandy. Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli, asylly däbe görä, Diýarymyzda täze bilim edaralarynyň açylyş dabaralary boldy. Bilimler we talyp ýaşlar gününde Ahal, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda täze, döwrebap orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň açylyş dabaralary ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Gökdepe etrabynda bina edilen orta mekdep, Tejen etrabynda döwrebap çagalar bagy, Daşoguz şäherinde täze çagalar bagy, Farap hem-de Çärjew etraplarynda 2 sany orta mekdep giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýurdumyzyň ýaşaýjylary hem-de ýaşlary üçin ajaýyp sowgat boldy. Täze orta mekdeplerde döwrebap mebeller, okuw enjamlary bilen üpjün edilen giň okuw otaglary mugallymlaryň we okuwçylaryň ygtyýaryna berildi. Okuw otaglarynda gurnalan interaktiw-multimedia enjamlary tebigy we takyk ugurly dersleri has çuňňur öwrenmäge ýardam eder. Mekdeplerde okuwçylaryň döredijilik ukyplaryny, zehinini açmak üçin hem ähli şertler göz öňünde tutuldy.
Şeýle hem täze okuw ýylynyň ilkinji gününde paýtagtymyz Aşgabadyň gözelligine gözellik goşýan, inženerçilik we binagärlik sungatynyň soňky gazananlaryna beslenen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň hem-de ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumynyň ulanmaga berilmegi tutuş bilim ulgamy, aýratyn hem, gurluşyk-binagärlik pudagy, şeýle hem ýurdumyzyň bilim ojaklary üçin taryhy waka öwrüldi.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumy diňe bir okuw binasy bolman, eýsem, ylym-bilim we önümçiligi utgaşdyrýan döwrebap ylmy-önümçilik toplumydyr. Bu ýerde müňlerçe talyplaryň bir wagtda bilim almagy, ylmy-barlag işlerini geçirmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Institutyň 5 müň orunlyk täze binalar toplumy özüniň ululygy we häzirki zaman tehnologik üpjünçiligi bilen sebitde deňi-taýy bolmadyk talyplar hem-de professor-mugallymlar şäherjigidir.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň binagärlik keşbi, üýtgeşik binýady we 15 gatdan ybarat bolan esasy binasynyň asmana sary boý alýan belentligi görenleri haýran galdyrýar. Binanyň daşky bezeginde gurluşykçy-binagärleriň işindäki iň esasy gurallar bolan pergaryň (sirkulyň) we ölçeg guralynyň şekiliniň çeperçilik bilen ýerleşdirilmegi bolsa, bu toplumyň hakyky hünärmenleriň we döredijilikli gurluşykçylaryň mekanydygyny aýan edýär. Iň buýsançly tarapy täze binalar toplumynyň şekil taslamasynyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň tejribeli mugallymlarynyň hem-de zehinli talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda taýýarlanmagydyr. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze, döwrebap binalar toplumynyň dabaraly açylyşy ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň şähergurluşyk senenamasyna altyn harplar bilen ýazyldy.
Täze okuw ýylynda açylyp ulanylmaga berlen bu täze binalar toplumy talyplar üçin uly buýsanç we şol bir wagtda hem uly jogapkärçilikdir. Zähmetsöýerlik, ylma we bilime bolan höwes, Watana bolan söýgi hakyky hünärmen bolup ýetişmegiň esasy şertidir. Bedew batly ösüşleriň ýoly bilen barha öňe barýan berkarar Watanymyzyň bilim binýadynyň pugtalanmagy, ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegi, kämil bilimli, watansöýüji, hünärli nesliň kemala gelmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyzyň çägi ýokdur.
Yhlas ATAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
PDF








