1. Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak, pugtalandyrmak üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli.
2. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.
3. Zyýanly endiklerden daşda durmaly.
4. Açyk arassa howada gezelenç etmeli. Ukyny ýeterlikli we kadaly almaly. Sagdyn we kadaly iýmitlenmeli. Witaminlere baý bolan önümleri iýmeli.
5. Pasla görä geýinmeli.
6. Daşaryk çykmazdan, jemgyýetçilik ýerlerine barmazdan öň, burnuň nemli bardasyna hökman «oksolin» melhemini çalmaly.
7. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünleri berk berjaý etmeli.
8. Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň arassa bolmagyny gazanmaly.
9. Öýleriň içinde arassalaýyş işlerini yzygiderli geçirip durmaly.
10. Asgyrylanda, üsgürilende hökman elýaglyk bilen agzy we burny ýapmaly.
11. Elleri elmydama arassa saklamaly we ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly.
12. Ýiti respirator ýokanç keseliniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly.
13. Özbaşdak antibakterial derman serişdelerini ulanmaly däl, olary özbaşdak ulanylanda birnäçe gaýraüzülmelere getirip biler.
14. Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin hökman Gahryman Arkadagymyzyň bize peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmeli.
15. Ýurdumyzda ýola goýlan keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp almaly.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.