Balzak aradan çykanda 51 ýaşyndady, ýöne yzynda onlarça ölmez-ýitmez eser goýup gitdi. Günde 50 çaşka töweregi kofe içendigi barada gürrüň edilýän Balzak kofe taýýarlatmaga adam tapmadyk wagtlary kofe dänelerini çeýnäpdir.
“Alise täsinlikler dünýäsinde” atly eseriň awtory Lýuis Kerrol matematikanyň geniýsidi. Täze söz döretmekde onuň öňüne geçýän ýokdy. Onuň oýlap tapan onlarça sözi iňlis dilinde henizlerem ulanylýar. Kitaphanalarda kitaplaryň has aňsat tapylmagy üçin kitabyň adyny jildiň arka ýüzüne ýazmak baradaky pikirini hem durmuşa geçirdi.
Ýazuw maşynkasynda ýazylyp, çaphana gowşurylan ilkinji kitap Mark Tweniň 1883-nji ýylda çap edilen “Missisipidäki durmuş” atly kitabydyr.
Tolstoýyň 13 çagasy bolup, 48 ýyllyk maşgala durmuşyndan soňra “Menem meniň ýaşymdaky adamlaryň ýygy-ýygydan baş goşýan ýoluny saýlap alýaryn. Ömrümiň soňky günlerini ýeke özüm rahat geçirmek üçin dünýäden ýüz öwürýärin” diýen ýazgyny aýalyna galdyryp, öýüni terk edende 82 ýaşyndady.
Wirjiniýa Wulf geplemegi juda söýýän eken. Bir sapar arakesmesiz 48 sagat gürläpdir. Ähli eserlerini suratkeş uýasyna öýkünip, dik duran ýerinde ýazypdyr.
Lui Aragonyň “Dünýäniň söýgi baradaky iň gowy eseri” diýip, at beren “Jemile” powestiniň awtory, meşhur gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň kagyza garşy allergiýasy bardy.
Taýýarlan Gülsere Kuşaýewa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.