Hytaý Tibet platosynyň gündogar çetinde dünýäniň iň uly gidroelektrik stansiýasyny gurmagy maksat edinýär. Ýarlung-Sangpo derýasynyň aşaky akymynda ýerleşýän täze taslama ýylda 300 milliard kilowat sagat elektrik energiýasy öndürip biler, bu bolsa, häzirki iň uly gidroelektrik stansiýasy bolan “Üç jülge” bilen deňeşdireniňde ep-esli ýokarydyr.
Taslamanyň bahasy 1 trillion ýuandan (137 milliard dollar) gowrak. Gurluşygyň gerimi çylşyrymly inženerçilik meselelerini çözmegi talap eder. Seýsmiki howpy ýokary bolan sebitde uzynlygy 20 kilometr bolan alty ötük gurmak meýilleşdirilýär. Gurluşyk wagtynda daşky gurşawa aýratyn üns beriljekdigi bellendi. Şeýlelikde, taslama Tibet sebitini arassa energiýa öndürijileriniň birine öwürjek Gün we ýel energiýa desgalaryny ösdürmegi göz öňünde tutýar. Şeýle-de bolsa, käbir bilermenler bu desganyň tebigata zyýan ýetirip biljekdigini belleýärler. Bendiň gurluşygynyň takyk möhleti we ýerleşjek ýeri entek belli edilmedi.
Taslama Hytaýyň zyýanly gazlary azaltmak boýunça maksatlaryna ýetmekde möhüm faktor bolar we Tibetde iş ýerlerini döredip, degişli pudaklaryň ösmegine itergi berer.