NASA-nyň işläp taýýarlan «Parker Solar Probe» emeli hemrasy Güne has golaý bardy. Enjam 24-nji dekabrda Günüň 6,1 million kilometr golaýyndan geçdi. Awiakosmos edarasy emeli hemranyň 2018-nji ýylda uçurylanyndan bäri Günüň iň ýakynyna barandygyny mälim etdi. Enjam 6-njy noýabrda ugruny üýtgedip, Wenera tarap uçup başlapdy. Ol Güne golaýlan wagty Ýer bilen aragatnaşyk dolulygyna kesildi. Enjam ýakynda Günüň ýakynyndan geçeninde toplan maglumatlaryny Ýere iberip başlar. Günüň golaýyndan geçen wagty enjamy şöhleden goraýan daşky gatlak 1400 dereje gyzgynlyga sezewar boldy. Emeli hemra Günüň golaýyndan geçeninde öz tizlik rekordyny hem täzeledi.
«Parker» mundan ozal, 2023-njı ýylyň 27-nji sentýabrynda Ýeriň ýyldyzyna 7,26 million kilometr golaý baryp, sagatdaky tizligini 635 müň kilometre ýetiripdi. Şeýlelikde enjam iň çalt hereket eden jisim bolupdy. «Parker» kosmos giňişliginde adatça sagatda 430 müň kilometr tizlik bilen hereket edýär. Bu tizlik London bilen Nýu-Ýorkuň aralygyny 30 sekuntda geçmek bilen deňdir.
Aýjeren AHUNDOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.