1-nji ýanwardan başlap Bolgariýa we Rumyniýa Ýewropa ýurtlarynyň wizasyz syýahat edilýän sebiti bolan Şengen zolagyna goşuldylar. Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşi geçen ýylyň 12-nji dekabrynda Bileleşige agza bu iki ýurduň Şengen zolagyna goşulmagy barada karar kabul edipdi. 2024-nji ýylyň 31-nji martynda Bolgariýa we Rumyniýa bölekleýin, ýagny diňe deňiz we howa ýoly arkaly Şengeniň düzümine goşulypdy. Indi bolsa, gury ýer serhetleri hem wizasyz syýahata degişli edildi. Bu iki ýurt 2007-nji ýylda Ýewropa Bileleşigine agza bolupdy.
Şengen sebitine jemi 29 ýurt – Ýewropa Bileleşigine agza bolan Germaniýa, Awstriýa, Belgiýa, Horwatiýa, Çeh Respublikasy, Daniýa, Estoniýa, Finlýandiýa, Fransiýa, Gresiýa, Wengriýa, Italiýa, Latwiýa, Litwa, Lýuksemburg, Malta, Niderlandlar, Polşa, Portugaliýa, Slowakiýa, Sloweniýa, Ispaniýa, Şwesiýa, Bolgariýa we Rumyniýa, şeýle hem Bileleşige agza bolmadyk Lihtenşteýn, Islandiýa, Norwegiýa hem-de Şweýsariýa girýär.