Maglumat tehnologiýasy asyry adamzat ýaşaýşynyň ähli ugurlaryna düýpli özgerişlikleri getirdi. Global internet tory okyjylara sanalgyja sekuntlarda islendik kitaby alyp okamaga mümkinçilik berýär. Ýaňy-ýaňylaram kitaplaryň elektron görnüşini okamagyň görşe ýetirýän zyýany onuň iň esasy kemçilikleriniň biridi. Kompýuteriň, ýan telefonunyň ýa-da planşetiň görünmän titreýän ekranyndan yzygiderli okamak gözüňi ýadadýardy. Bu enjamlaryň ekranlary uzak wagtlap okamak üçin niýetlenmändi. Emma kitaplaryň elektron görnüşiniň zerurlygy, öndürijileri talabalaýyk täze tehnologiýalary oýlap tapmaga alyp bardy. Netijede, “Kindle” atly enjamlaryň täze görnüşleri oýlanyp tapylyp, ýazgylar gaty pigment bölejiklerde, mikrogurluşly materialda – süýümden edilen kagyz ýaly materialyň ýüzünde peýda bolýar.
Aşagyndan ýagtylyk berilmegini talap edýän ozaldan ulanylyp gelýän matrisa ekranlara garanyňda, ähli zat adaty kagyzyň ýüzünde bolup geçýär. Şeýle enjamlarda energiýa diňe ýazgyny emele getirmek üçin sarp edilip, soňra şekiller zarýady bolmazdan hem uzak wagtlap saklanyp galýar. “Kindle”-leriň beýleki möhüm artykmaçlygy hem görüş aralygy bolup, ol adaty kagyzlaryň görüş aralygy bilen deňdir. Emma şeýle kitap okalanda ýagtylygyň oňat düşmelidigini unutmaly däldir. Okamak üçin niýetlenen şunuň ýaly elektron enjamy içinden ýagtylandyrylmaýar. Şonuň üçin daşardan düşýän ýagtylyk bolmasa, pes ýagtylyk şertlerinde hem adaty kagyz kitaplary okanyň bilen deňdir. Matrisa ekranlaryň bolsa, şeýle artykmaçlyklary ýokdur. Matrisa ekranly enjamlarda ýazgylar daşardan düşýän ýagtylyk çeşmeleri bolmasa hem hemişe aýdyňdyr.