Awstraliýaly alymlar Wilýam Şekspir “Eduard III” pýesasynyň hakyky awtory däl diýen netijä geldiler. Barlagyň netijeleri “Arxiv.org.” saýtynda ýerleşdirilipdir. Awstraliýanyň Çarlz Stert adyndaky milli uniwersitetiniň işgärleri ady agzalan pýesanyň jemi 19 sahnasyndan 14-sini iňlis dramaturgy Tomas Kid tarapyndan ýazylandygyny aýdyňlaşdyrdylar. Alymlar RPAS tehnologiýasyny ulanyp, pýesalaryň tekstini Şekspiriň we Kidiň beýleki eserleri bilen deňeşdirdiler. Ol sözlük gorunyň ýeterlikliligi, at çalyşmasy we goşmaça sözler, şeýle hem duýgularyň dilden beýan edilişi ýaly dört neýrolingwistik görkezijä esaslanýar. Bu neýrolingwistik çemeleşme awtoryň ýazyş usuly arkaly onuň şahsyýetini kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
Barlagyň netijeleri “Eduard III”-iň esasy awtorynyň Tomas Kiddigini hem-de onuň pýesanyň 12 sahnasyny ýazandygyny görkezdi. Eseriň bäş sahnasyny Şekspir ýazypdyr, ýene-de ikisini bolsa, Kid we Şekspir ikisi bilelikde ýazypdyrlar, diýip alymlar çaklaýarlar. Şeýlelikde, Şekspiriňki hasaplanýan “Eduard III”-iň köp bölegini ol däl-de, eýsem, Kid ýazypdyr. “Seljerişlerden belli bolşuna görä, Tomas Kid pýesanyň aglaba bölegini ýazypdyr, Wilýam Şekspir bolsa, onçakly rol oýnamandyr” diýlip, barlagyň netijeleri mälim edýär. Edebiýatçylaryň aglabasy “Eduard III” atly anonim pýesanyň awtorlygyny Wilýam Şekspiriňki hasaplaýarlar. Käbir bilermenler eseriň Şekspiriň başga dramaturglar bilen awtordaşlykda ýazandygy baradaky pikiriň tarapynda durýarlar. Mundan başga-da, pýesanyň Kristofer Marlonyň galamyndan çykandygy barada hem çaklamalar bar.