Afrikanyň ilaty 2050-nji ýyla çenli, takmynan, 2,5 milliard adama ýeter. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Afrika üçin ykdysady toparynyň hasabatynda aýdylýar. Resminamanyň awtorlarynyň bellemegine görä, XXI asyryň ortalaryna çenli Afrika ýurtlarynyň ýaşaýjylarynyň ortaça ýaşy 20 ýaşa deň bolar. Bu bolsa öz gezeginde Afrikany dünýäniň iň “juwan” yklymyna öwürer.
Hasabatda ýaş ilatyň gymmatly demografik artykmaçlyk bolup durýandygy, ony senagat ösüşi üçin işçi güýji hökmünde ulanyp boljakdygy bellenilýär. “Onuň üstesine-de, Afrikada her ýyl azyk önümleriniň importy üçin 60 milliard dollar sarp edilýändigini göz öňünde tutsaň, yklymyň gür ilaty sebitiň önümçilik-söwda zynjyrlary tarapyndan öndürilýän oba hojalyk önümleri üçin geljegi uly içerki bazar bolup durýar” diýlip, BMG-niň Afrika üçin ykdysady toparynyň hasabatynda bellenilýär.