1907-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Italiýanyň Rim şäherinde ilkinji çagalar mekdebi açylýar. Şäheriň San Lorenzo etrapçasyndaky bilim edarasy ene-atalary işe gidenlerinde çagalara göz-gulak bolmak hem-de bilim-terbiýe bermek maksady bilen açylýar. Bilim edarasy fizik hem-de belli pedagog Mariýa Montessori tarapyndan açylýar. Mekdep “çaglaryň öýi” diýmegi aňladýan “Casa dei Bambini” ady bilen açylýar. Ondan birnäçe ýyl ozal Fransiýada we Germaniýada hem mekdebe çenli ýaşly çagalar üçin taýýarlyk mekdepleri açylýar. Emma ozalkylardan tapawutlylykda bu mekdepde synplar, mugallym üçin stol, ýazuw tagtasy, çagalara niýetlenen kiçijik oturgyçlar, kreslolar we durmuşda gerek boljak zatlary öwretmäge niýetlenen dürli materiallar bilen üpjün edilýär. Çagalara eşiklerini geýmek, şahsy arassaçylygyny etmek, otaglary arassalamak, poly süpürmek, mellekde işlemek ýaly durmuşda gerekli zatlar öwredilýär. Çagalar edarasyna 2 ýaşdan 6 ýaşa çenli bolan 60-a golaý çaga kabul edilýär. Soňlugy bilen bu usul Montessuri usuly ady bilen meşhurlyk gazanýar we şeýle çagalar mekdepleri peýda bolýar. Şeýle hem beýleki çagalar baglarynda hem şol usuldan peýdalanylýar.