Angliýanyň çempionatynda 20-nji tapgyryň merkezi duşuşygynda sanawyň lideri “Liwerpul” öz meýdançasynda “Mançester Ýunaýted” bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda ýeňiş gazanan bolman, gollaryň 4-si hem 2-nji ýarymda geçirildi. Duşuşykda ýer eýeleriniň adyndan Gakpo bilen penaltiden Salah, myhmanlardan Lisandro Martines bilen Amad Diallo tapawutlandy.
“Arsenalyň” myhmançylykda “Braýton” bilen deňme-deň bolan tapgyrynda “Nottingam Forest” topary golaýda tälimçilige Witor Pereýrany belläp, yzly-yzyna şowly netijeler gazanan “Wulwerhemptonyň” derwezesinden jogapsyz 3 gol geçirdi. Myhmanlaryň gollaryny Gibbs-Waýt, Wud hem-de Awonýi öz atlaryna ýazdyrdylar. “Arsenal” bilen utugyny deňläp, 3-nji orunda barýan “Nottingam Forest” bassyr 6-njy ýeňşini gazandy. Olar soňky sapar ýokary ligada 1967-nji ýylda yzly-yzyna 6 oýunda ýeňiş gazanypdy.
Soňky çempion “Mançester Siti” öz meýdançasynda “West Ham” bilen duşuşyp, 4-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Soufalyň 10-njy minutdaky awtogoly bilen hasaby açan şäherlileriň beýleki gollaryny Holann (2) bilen Foden geçirdi.
“Tottenham” öz meýdançasynda “Nýukasldan” Solankeniň 4-nji minutdaky goly bilen öňe geçendigine garamazdan 2-1 hasabynda ýeňildi. “Nýukaslyň” gollaryny Gordon bilen bassyr 7-nji duşuşygynda tapawutlanan Isak geçirdi.
“Kristal Palas” bilen 1-1 hasabynda deňme-deň oýnan “Çelsi” toparyna 4 oýundan bäri ýeňiş gazanmak başardanok.
APL-de 20-nji tapgyryň netijeleri:
Tottenham – Nýukasl: 1-2 (Solanke 4 – Gordon 6, Isak 38),
Bornmut – Ewerton: 1-0 (Bruks 77),
Aston Willa – Lester: 2-1 (Barkli 58, Beýli 76 – Mawididi 63),
K. Palas – Çelsi: 1-1 (Mateta 82 – Palmer 14),
Man. Siti – West Ham: 4-1 (Soufal 10 ö.d., Holann 42, 55, Foden 58 – Füllkrug 71),
Southempton – Brentford: 0-5 (Şade 6, Mbemo 62, 69 p, Lýuis-Potter 90+2, Wissa 90+4),
Braýton – Arsenal: 1-1 (Žoao Pedro 61 p – Nwaneri 16),
Fulham – Ipswiç: 2-2 (Himenes 69 p, 90+1 p – Şmodiks 38, Delap 71 p),
Liwerpul – M. Ýunaýted: 2-2 (Gakpo 59, Salah 70 p – Martines 52, Diallo 80),
Wulwerhempton – N. Forest: 0-3 (Gibbs-Waýt 7, Wud 44, Awonýi 90+4)