Din hyzmatçylarynyň aram tapan ýeri Ýokarky Müsüriň El-Minýa welaýatynda Kairiň günortasyndan 300 kilometr uzaklykda ýüze çykarylyp, ýakyn wagtda täze arheologik tapyndy hökmünde köpçülige hödürlener. Bu barada Müsüriň Gadymy ýadygärlikler ministri habar berdi. Haled Ahmed al-Ananiniň aýtmagyna görä, 2017-nji ýylda başlan gazuw-agtaryş işleri wagtynda hünärmenler 6-8 metr çuňlukda dürli ölçeglerdäki daşdan we agaçdan ýasalan 40 sany sandygyň üstünden bardylar.
Daş sandyklarda 17 sany oňat saklanan mumyýa bolup, şonuň ýaly hem olar ýyrtyjy haýwanlaryň şekilinden edilen gap-gaçlar, bürünç, altyn çaýylan hem-de süňkden edilen bezegler, nykaplar, doga-tumarlar, toýun gap-gaçlar we ýüzlerçe heýkeljikler bilen doldurylypdyr.
Arheologlar din hyzmatçylarynyň maşgala gonamçylygyny faraonlaryň soňky zamanlary, ýagny dinastiýanyň XXVI-XXVIII döwürleri ýa-da Ptolemeýleriň (miladydan IV asyr öň) döwrüniň başlary bilen senelediler. Onuň has anygy, mundan buýanky geçiriljek hysyrdyly işleriň netijesinde belli bolar – diýip, al-Anani gürrüň berýär.