Ýer ýüzünde her ýylda ýagýan ygalyň mukdary üýtgemeýär. Emma onuň ýagýan wagty we ýeri üýtgäp bilýär. Ähli ösümlikleriň we jandarlaryň ýaşaýşynyň çeşmesi bolan suw ygal arkaly üpjün edilýär. Isle şor, isle talhy bolsun, suwuň haýsydyr bir görnüşi bugaranynda, diňe arassa suw bugarýar. Ýagny onuň düzümindäki duz we beýleki maddalar ýokary göterilmeýär. Eýsem, deňizdir ummanlardan bugaryp, buluda öwrülip, ýagyş bolup ýagýan arassa suw asmanda nädip durýarka?! Bulut içindäki gaz halyndaky suw molekulalarynyň howanyň sowamagy bilen howada duran maýdajyk gaty bölejikleriň üstünde dykyzlaşmagy bilen emele gelýär. Howa atmosferada ýokary galdygyça, basyşy azalýar. Munuň netijesinde giňeldigiçe, ýagny göwrümi artdygyça gyzgynlygy peselýär. Has pes ýylylykda howanyň saklap biljek suw mukdary hem azalýar. Onuň dykyzlygy iň ýokary derejä ýeteninde, howada suw bölejikleri emele gelýär. Suw damjajyklarynyň ululygy birnäçe mikrometrden geçeninde, bulutlary göz bilen görüp bolýar.
Bulutlaryň asmanda deň dykyzlykda däl-de, topbak-topbak ýagdaýda bolmagynyň atmosferadaky gyzgynlyga we çyglylygyň deňsizligine baglydygy çaklanylýar. Günden gelýän energiýanyň günüň dowamynda üýtgemegi atmosferanyň ýylylygynyň gysga aralyklarda tapawutly bolmagyna sebäp bolýar. Bulutlaryň döremegine sebäp bolýan howadaky suw molekulalarynyň dykyzlaşmagy, esasan, atmosferanyň ýylylygy bilen baglydyr.