Ku­ba­da halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň (par­la­ment) Mil­li as­samb­le­ýa­syn­da­ky saý­law­lar 11-nji martda gi­je ta­mam­lan­dy. Soň­ky res­mi mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ses ber­li­şi­ge bel­li­ge al­nan 8 mil­li­on­dan gow­rak saý­law­çy­la­ryň 83 gö­te­rim­den gow­ra­gy gat­naş­dy. Şeý­le hem ku­ba­ly­lar halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň as­samb­le­ýa­sy­nyň ýur­duň we­la­ýat­lar­da­ky de­pu­tat­la­ry­ny hem saý­la­dy­lar.
Par­la­ment 19-njy ap­rel­de özü­niň il­kin­ji mej­li­sin­de Ku­ba­nyň Döw­let ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry­ny saý­lap, Ku­ba döw­le­ti­niň tä­ze ýol­baş­çy­sy­ny yg­lan eder. Hä­zir Döw­let ge­ňe­şi­niň hem-de Ku­ba­nyň mi­nistr­ler ge­ňe­şi­niň ýol­baş­çy­sy­nyň we­zi­pe­si­ni 86 ýaş­ly Ra­ul Kast­ro eýe­läp, ol ap­rel aýyn­da bu we­zi­pe­den git­jek­di­gi­ni mä­lim edip­di.
Bi­ler­men­le­riň pi­ki­ri­ne gö­rä, hä­zir­ki wagt­da Ku­ba­nyň tä­ze ýol­baş­çy­sy­nyň we­zi­pe­si­ne iň yg­ty­bar­ly da­laş­gär Ku­ba­nyň Döw­let ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy­nyň bi­rin­ji orun­ba­sa­ry 57 ýaş­ly Mi­gel Di­as-Ka­nel ha­sap­lan­ýar.