11-nji martda Sebastýan Pinera Çiliniň Prezidenti wezipesine girişdi. Kasam kabul edişlik dabarasy Walparaiso şäherindäki milli kongresiň binasynda geçirildi. Bu dabara Çiliniň senatynyň başlygy Karlos Montes Sisternas başlyklyk etdi. Ol prezidentlik jähegini gowşurdy, ozalky prezident Mişel Baçalet bolsa, öz mirasgärine Prezidentiň häkimiýetini alamatlandyrýan bäş burçly ýyldyzyň nyşanyny gowşurdy. Soňra Sebastýan Pinera ýurduň täze ýolbaşçysy hökmünde kasam kabul etdi.
Dabara tamamlanandan soňra, Sebastýan Pinera ministrler kabinetiniň täze 23 agzasyny bellemek hakynda karara gol çekdi. Bu dabara Argentinanyň Prezidenti Maurisio Makri, Braziliýanyň Prezidenti Mişel Temer, Peruwyň Prezidenti Pedro Pablo Kuçinskiý, Meksikanyň Prezidenti Enriko Penýa Nýeto we beýleki ýurtlaryň Prezidentleri gatnaşdylar.
Sebastýan Pinera Çiliniň iň abraýly syýasatçylarynyň hem-de telekeçileriniň biridir. Ol “Çili, öňe!” sagçy bileleşiginiň dalaşgäri hökmünde bellige alnypdy we geçen ýylyň dekabr aýynda geçirilen Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Ol 2010-njy ýyldan 2014-nji ýyllar aralygynda Çiliniň Prezidenti wezipesini eýeläpdi.