Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda halkymyzyň baý taryhy, medeni gymmatlyklary, gözel künjekleri barada söz açylyp, şol ýerde amala aşan ruhy galkynyşlar hem birin-birin beýan edilýär. Kitap islendik ugurda zähmet çekýän adam üçin ýol görkeziji gollanma bolup durýar.
Bu ajaýyp eserde düşündirilişine görä, Beýik Ýüpek ýoly gadymyýetde we orta asyrlarda Hytaý bilen Alynky Aziýany, Ortaýer deňzini birleşdiren halkara ýolunyň hem-de içki kerwen ýollarynyň rowaýata öwrülen şertli adydyr. Aslynda, “Beýik Ýüpek ýoly” diýlip, taryha girizilen düşünjäniň döreýşiniň örän täsindigini baryp-ha, orta asyrlarda wenesiýaly täjir, geograf, jahankeşde Marko Polonyň bu ýola “Ýüpek ýoly” diýen ady berendigini, bu adalgany häzirki zaman leksikamyza girizeniň bolsa, nemes alymy Ferdinand Fon Rihtgofendigini hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyny okanymyzda magat göz ýetirýäris.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu ýol adamzat ykballarynyň ösüşine täsir eden gahrymançylykly hem yklymlaryň halklarynyň dost-doganlygyny bakyýete öwren altyn ýoldur. Bu ýoluň altyn halkasy hasaplanýan Watanymyzda onuň merkezi logistika düzümi gaýtadan dikeldilýär, halklaryň we ýurtlaryň özara ýakynlaşmagyna, olaryň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ýola goýulmagy üçin ygtybarly binýatlaryň kemala gelmegine ýardam berilýär.
Milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan nusgalyk işleriň netijesinde, Beýik Ýüpek ýolunyň kämil, häzirki zaman nusgasy döredilýär. Bu bolsa, ýurdumyzdan dünýäniň çar künjüne edilýän gatnawlaryň barha ýygjamlaşmagyny şertlendirýär. Güneşli ýurdumyzda üstaşyr geçelgeler, depginli gurulýan gara ýollar, halkara derejesinde gurulýan polat, howa we deňiz ýollar, köprüler, ýolagçy gatnatmak hem-de ýükleri daşamak bilen bagly durmuşa geçirilýän işler, hakykatdan-da, Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan galkynmagydyr.
Kitapdaky rowaýatlar, hekaýalar, ertekiler, nakyllar, taryhy maglumatlar Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ugurlarynyň taryhyny janlandyrýan owadan suratlar, aýratyn hem ilkinji gezek köpçülige ýetirilen karta çyzgysy ussat pederlerimize bolan buýsanjymyzy artdyrýar. Kitapda bu ýoluň şöhratly taryhy bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan gadymy şäherlerimiziň, umuman, ýer-ýurt atlarynyň gelip çykyşy barada ylmy maglumatlar berilýär. Sözümiz gury bolmaz ýaly, geliň, gürrüňi edilýän ajaýyp kitapdan käbir mysallara ýüzleneliň: “Gürgenç şäheriniň ady hem “Hüýr” hem-de “Genjim” sözleriniň utgaşmagyndan döräpdir”, “Ir döwürlerde-de halkymyz Kaspi deňzini Hazar, Amyderýany bolsa, Jeýhun diýip atlandyrypdyr”, “Däli Jeýhuny bolsa, şondan soň Amyderýa, ýagny “Amulyň derýasy” diýip atlandyrypdyrlar diýen pikir hem bar. Derýanyň adynyň gelip çykyşy hakyndaky ylmy çaklamalaryň bir ýa-da iki däldigi hem bellenip geçilmelidir”.
Kitapda azyk, dokma önümleriniň, matalaryň görnüşleri, derman ösümlikleri, ekerançylyk, maldarçylyk, miweçilik we beýleki ugurlar birme-bir beýan edilýär. Ajaýyp kitapdaky: “Halwanyň künjüden, hozdan, badamdan üzüm şiresinde, ary balynda ýatyrylyp süýjedilen, goýun ýagyna ýatyrylan maňyzly dürli görnüşleri tapylypdyr. Üzüm bazarynda kakadylan, ter miweler köp ekeni. Şaly bazarynda ak tüwi, gyzyl tüwi, gyzyl güýzlük bugdaý, arpa, jöwen, ýalpyldap duran dary haltalap hatarlanypdyr” diýen jümleler diýseň gymmatly maglumatlardyr.
Kerwenleriň esasy ýüki ýüpek bolupdyr. Ýeňil, ykjam, hyrydary köp we gymmatly haryt bolan ýüpegi uzak aralyga äkitmek hem amatly bolupdyr. Bu ýoluň ýurtlaryny we halklaryny biri-birine ýakynlaşdyrmakda diplomat hökmünde çykyş edip gelen Türkmenistanyň içinden geçmegine-de, hut tut agajynyň biziň Watanymyzda gowy ösýändiginiň sebäp bolan bolmagam mümkin. Bu barada hormatly Prezidentimiz bu ajaýyp eserinde şeýle ýazýar: “Bu şertli atlandyrma kerwen ýolundan Hytaýdan Günbatara köpsanly harytlaryň, esasan hem, ýüpegiň daşalandygy bilen bagly bolup durýar”. Sebäbi türkmen ýüpeginiň hiliniň ýokarydygy hemmelere mälimdir. Şonuň üçin dünýä bazarynda oňa bolan isleg has ýokary bolupdyr.
Biziň gürrüňini etjek bolýan ýene-de bir rowaýatymyz gymmatly gollanmadaky rowaýatlaryň iň ajaýyplarynyň biridir. Onuň mazmuny şeýle: “Köneürgenjiň üsti bilen Amula barýan kerwendäki jahankeşdeler Nejmeddin Kubranyň ak patasyny almak hem-de onuň öwüt-ündewlerini diňlemek üçin ýanyna barýarlar. Olar: “Hezreti pir, biz bir jahankeşde adamlar. Gezen ýerimizden del haryt alyp, öz ilimize äkidýäris. Söwda-satyk edýäris. Ýurtlaryň ahwalyny, habaryny ýetirýäris. Kimden nähili ýagşy söz, öwüt eşitsek, hemmeler bilen paýlaşýarys. Hemişe ýolda gezýän adamlar näme bilen meşgul bolsalar gowy? Bize şeýle bir pent ber, goý, ol pentleriň hikmeti, täsiri bütin ömrümize ýeterlik bolsun!” diýip, haýyş edýärler.
Pir hezretleri myhmanlarynyň haýyşyny diňlänsoň: “Ömür ýeňil-ýelpaý ötülýän menzil däl, emma şu alty amaly berjaý etseňiz, ekin meýdanyna taşlan her bir dänäňiz müň bolar. Daýym ýadyňyzda bolsun…” diýip, olara berk berjaý edilmeli alty amaly pent edýär. Hormatly Prezidentimiziň bu kitaby ýaş nesli terbiýelemekde, türkmen halkynyň geçmişine bolan buýsanjyny, taryhyna bolan guwanjyny artdyrmakda, milli däp-dessurlarymyz baradaky düşünjelerini baýlaşdyrmakda gymmatly çeşmedir.
Goý, şunuň ýaly ajaýyp kitaplary halkymyza peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Aýjeren Allaýewa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.