Gülläp ösýän Watanymyzda “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda täze ösüşlere beslenýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň giň gerimli özgertmeleri Watanymyzyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Binýady berkden tutulan eziz ýurdumyz ösüşleriň aýdyň ýolunda bedew bady bilen ynamly öňe barýar, belent sepgitleri nazarlaýar. Elbetde, şeýle ösüşleriň sakasynda hormatly Prezidentimiziň halky üçin edýän ýadawsyz aladalary durýar.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz türkmen halkyna taryhymyz baradaky ajaýyp maglumatlary, rowaýatlary hem-de ylmy garaýyşlary özünde jemleýän “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyny peşgeş berdi. 2018-nji ýylyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip, yglan edilmegi Ýüpek ýoly bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary öwrenmäge uly mümkinçilik döretdi. Beýik Ýüpek ýoly yklymlary söwda we medeni gatnaşyklar arkaly birleşdirýän ýoldur. Bu ýol doganlygyň, dostlugyň ýoly bolup, ynsanlaryň doganlyk köprüsini emele getiren ýoldur. Bu ýol biziň eýýamymyzyň birinji müňýyllygynda Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwda we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýoly bolup, hyzmat edipdir. Bu ýol halklaryň arasyndaky dürli ugurlardaky – syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýetli bolupdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda Gürgenç, Şähristan, Nusaý, Merw, Sarahs, Abiwerd, Dehistan we Amul ýaly şäherler esasy orny eýeläpdir.
Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň ahyrynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dikeltmek baradaky milli müdirligi bilen bilelikde taýýarlan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklady. Maksatnama 2018-2021-nji ýyllar üçin niýetlenilip, daşary ýurtlaryň ylmy-barlag merkezleri bilen halkara ylmy gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny we hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini, gazuw-agtaryş işlerine meşhur alymlaryň çekilmegini göz öňünde tutýar. Türkmenistan sözüň doly manysynda dünýä arheologiýa ylmynyň tükeniksiz hazynasy hasaplanylýar. Bu toprakda daş asyryndan başlap, giçki orta asyrlara çenli taryhy ösüşiň tapgyrlaryna şaýatlyk edýän ýadygärlikleriň ençemesi saklanyp galypdyr. Gadymy taryhymyzy öwrenmek babatda alnyp barylýan gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, Daňdanakandan tapylan täsin tapyndylar gündogar lukmançylygynyň şol döwürde pajarlap ösendigine şaýatlyk edýär.
Beýik Ýüpek ýoly Hytaýy Aziýa we Ýewropa bilen baglanyşdyrýan söwda kerwen ýoludyr. Hytaýyň daşary ýurtlara çykarýan harytlary diňe bir ýüpek matadan ybarat bolman, eýsem, çaý, farfor, bezeg üçin boýag, kagyz önümleri ýaly harytlar bolupdyr. Bular Ýewropanyň bazarlarynda geçginli harytlar hasaplanypdyr. Ýöne Hytaýyň esasy harytlarynyň ýüpekdigini nazara alyp, bu söwda ýoluna “Beýik Ýüpek ýoly” diýip at beripdirler. Hytaý harytlary ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda Parfiýa döwletiniň üstünden geçýän söwda ýollary arkaly grek-rim dünýäsine äkidilipdir.
Taryhçy alymlaryň ýazmaklaryna görä, hytaýlylar mundan 5 müň ýyl ozal, ýüpek gurçugyndan ýüpek almagyň usulyny tapypdyrlar. Rowaýata görä, ilkinji ýüpegiň alynmagy imperator aýal Si Ling-Çi tarapyndan üsti açylypdyr. Ol çaý içip otyrka, käsesine agaçdan ýüpek gurçugynyň pilesi gaçypdyr. Haçan-da, ol käseden çykarjak bolup, piläni çekende, pileden ýüpek sapagy sozulyp başlapdyr we ilkinji gezek ýüpek sapagy alnypdyr.
Hytaý täjirleri öz harytlaryny Merkezi Aziýanyň bazarly şäherleri bolan Samarkantda, Buharada, Amulda, Horezmde, Merwde we beýleki şäherlerde ýerläpdirler. Adatça, hytaýly täjirler harytlaryny Merwden günorta-günbatara Nişapura (Eýrana) eltipdirler, ýerli täjirler bolsa, harytlary Siriýa, ondan aňryk gämilere ýükläp, Müsüre, Wizantiýa, Italiýa ýetiripdirler.
Beýik Ýüpek ýolunyň birnäçe şahalary bolup, olar dünýäniň dürli künjegine uzapdyr. Olaryň biri Owganystanyň üsti bilen Hindistana giden bolsa, beýlekisi Wolga derýasynyň üsti bilen Gündogar Ýewropa ýurtlaryna gidipdir. Ýüpek ýolunyň şahalary bilen Hytaýyň, Hindistanyň we Merkezi Aziýanyň harytlary Kiýew, Nowgorod, Moskwa ýaly gadymy rus şäherlerine hem ýetipdir. Şeýlelik bilen, Beýik Ýüpek ýoly halkara söwda gatnaşyklarynyň ösmeginde, halklaryň ýakynlaşmagynda möhüm ähmiýete eýe bolupdyr. Beýik Ýüpek ýoly diňe bir Gündogar bilen Günbatary birleşdiren söwda ýoly bolman, eýsem, halkara ykdysady, syýasy, tehnologik we medeni özara gatnaşyklara ýol açan, halklary ýakynlaşdyryp, ösüşe kuwwatly itergi beren ýoldur.
Bu günki gün Beýik Ýüpek ýoly eziz Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, dostluk ýoluna öwrüldi. Bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli taslamalar halklaryň jana-jan bähbidine hyzmat edýär. Ine, şeýle ägirt uly taslamalaryň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutýan il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Bahar ŞAMÄMMEDOWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň uly mugallymy.