Suwuň reňksizdigi, ýagny içiniň ýa-da aňyrsynyň görnüp durýandygy hemmämize aýan zat. Emma muňa garamazdan, derýalaryň suwy köplenç mele, deňizdir ummanlaryň suwy gök reňkli bolup görünýär. Bu ýagdaý suwuň düzümindäki beýleki zatlar we Gün şöhlesi sebäpli bolýar. Emma Awstraliýadaky kölüň suwy gyzylymtyl gülgün reňkli bolmagy bilen tapawutlanýar. Bedrämizi gögümtil reňkli deňze batyryp, onuň suwuny görenimizde onuň durudygyna, ýagny reňksizdigine göz ýetirýäris. Emma Hillier kölündäki suwy çüýşä guýanymyzda, onuň reňkiniň hiç hili üýtgemeýändigini görmek bolýar. Midl adasyndaky gür tokaýlykda deňiz kenaryna golaý ýerleşýän bu köle ýokardan seredilende, örän täsin bolup görünýär. Ýalpak we şor suwly kölüň ini 600 metre barabar. Onuň kenary ak çägeler bilen örtülen. Gapdalyndaky umman bilen aralygynda çägelik zolak bar. Suwuň reňkiniň näme sebäpden gülgünedigi 1950-nji ýyllarda ylmy taýdan öwrenilipdir. Köldäki “Dunaliella” atly suwotynyň gyzyl reňkli pigmenti suwuň hem reňkli görünmegine sebäp bolýar. Bu suwotular ýurtdaky beýleki köllerde hem bar. Hillier köli barada ilkinji maglumatlar 1802-nji ýylda ýazylypdyr. Iňlis gämiçisi Metýu Flinders Sidneýe barýan mahaly Midl adasynda düşläp geçýär. Soňky ýyllarda balykçylar bu ada barypdyr.