Deňiz, derýa we köllerde ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak maksady bilen peýdalanylýan ulaglara gämi diýilýär. Suwda ýüzýän gaýyklaryň haçandan bäri peýdalanylýandygy barada takyk maglumat ýok hem bolsa, miladydan ozal, 3000-nji ýyllarda peýdalanylyp başlanandygy çaklanylýar. Ilkinji suw ulaglary uly agaçlary oýmak arkaly döredilipdir. Soňlugy bilen, bir-birine berkidilen agaçlaryň üstüne agaç gabyklary ýa-da haýwan derileri ýapylyp, has ulurak gaýyklar ýasalypdyr. Olary hereket etdirmek üçin uzyn tallar we kürekler ulanylypdyr. Ýeliň kömeginden peýdalanmak maksady bilen ýelkenli gämiler peýda bolanyndan soňra hem kürekler köp wagtlap ähmiýetini ýitirmändir.
Ilkinji ýelkenli gämileriň Nil derýasynda ulanylandygy aýdylýar. Söwda maksatly gämileriň hereket etmegi üçin ýelkenden, kömekçi hereket ulgamy hökmünde kürekden peýdalanypdyrlar. Amerikanyň açylmagy bilen uly göwrümli gämileriň gurluşygy has hem artypdyr. Has uly üç sütünli ýelkenli gämiler XVIII asyrda ulanylyp başlanypdyr. Şol ýyllar deňiz kenarynda ýaşaýan halklar hem ýük, hem-de ýolagçy maksatly gämileri döredipdirler.
XVIII asyryň ahyrlarynda Jeýms Wattyň oýlap tapan bugly hereketlendirijileri tejribe maksady bilen ýelkenli gämilere oturdylypdyr. Ol diňe ýelden peýdalanyp bolmaýan mahaly ulanylypdyr. Olar Şotlandiýanyň akabalarynda we ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatyndaky derýalarda işledilipdir. 1819-njy ýylda ýangyç hökmünde odun ulanylýan bugly gämi Amerikadan Ýewropa 25 günde baryp ýetýär.
1822-nji ýylda ilkinji gezek gämi gurluşygynda demir ulanylýar. Soňky ýyllarda halkara söwda gatnaşyklarynyň artmagy bilen has kämil gämiler öndürilýär. Dizel hereketlendirijileriň peýda bolmagy bilen häzirkiler ýaly döwrebap suw ulaglary döredilýär. Entek ýolagçy uçarlary o diýen köp bolmadyk mahaly içinde ähli amatlyklary bolan, uzak aralyga ýüzüp bilýän iri ýolagçy gämileri giňden ulanylypdyr. Soňlugy bilen olara gezelenç maksatly münülipdir. Häzirki wagtda ýüküň dürli görnüşlerini daşamak, suwasty aragatnaşyk geçirijilerini gurmak, ylmy barlaglary geçirmek we başga-da birnäçe maksatlar üçin has döwrebap suw ulaglaryndan peýdalanylýar.
Deňizçilige degişli käbir sözler:
BOGALDAK: ýelken berkitmek üçin gämilerde dik oturdylýan beýik agaç sütün.
DARGA: 1. Deňiz, derýa ýakasynda gerişleri, eginleri bilen gämini çekýän adam. 2. Ýük çekilýän gaýygy, gämini sürýän adam; gämiçi.
ERET: uly gämiler kenara gelende, ony berkitmek üçin ulanylýan we gorumyň dört tarapyndaky çykyp duran, başyna kenardan zyňlan tanaplar oralýan agaçlar; ýelkenli nawuň gapyrgalarynyň uçlary; gämini köprä ýa-da başga gämä daňmak üçin ýüpüň baglanýan ýeri.
ÄLEMÇI: gäminiň gidýän ugruny görkezmek üçin, suwuň ýüzünde çümmän durar ýaly edilip goýlan bellige gözegçilik edýän adam.