Elektronmy ýa-da kagyz kitaplar – eýsem bularyň haýsy birinden okamak amatly?! Megerem, bu köpden bäri dowam edip gelýän mesele bolsa gerek. Elektron kitaplaryň döredilenine köp wagt geçmese-de, gysga wagtda uly meşhurlyga eýe boldy. Çünki olar ýeňil hemem oňaýly. Ýöne kagyz kitaplaryň muşdaklary “janly” kitaplaryň ysyny hiç zat bilen çalşyp bolmaýandygyny tassyklaýarlar. Üstesine-de, awtor elektron kitaplara gol goýup bilmeýär. Onda haýsy birini saýlamaly? Elbetde, saýlamak siziň islegiňize we ynamyňyza bagly.
Ýöne maglumatlary ýadyňda saklamak we okamagyň tizligi boýunça jedelleşip bolmaýar. Alymlaryň pikirine görä, çap edilen tekstler elektrona garanyňda, ýadyňda has gowy galýan eken. Psihologlar maglumatlaryň elektron çeşmeleriniň ähli artykmaçlyklaryna garamazdan, adamzat aňynyň kagyz kitaplary makullaýandygyny öňe sürýärler. Eger-de üns berýän bolsaňyz, öz ýazan zadyňyzy ýadyňyza salmak aňsatdyr. Maglumatlary kagyzyň ýüzünden okamak ony ýadyňda oňat özleşdirmäge we bilimiňi artdyrmaga ýardam edýär. Alymlaryň geçiren barlaglarynda, kagyz kitapdan okaýanlar okan zatlaryny aňynda aýlap, soňra okanlaryny ýaňadandan gaýtalapdyrlar.