Toprak we howa şertlerine görä Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde dürli görnüşli ösümlikler ýetişýär, jandarlar ýaşaýar. Käbir ösümlikler adaty bolmadyk häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Mimoza atly güljagazy elleseň, ol ýygrylyp, şahalaryny kiçeldýär. Käbir ösümlikler açylan gülleriniň içindäki şirä gonup, uçup bilmeýän mör-möjekler bilen iýmitlenýär. Aziýa ýurtlarynyň tropik howaly ýerlerinde otag ösümligi hökmünde ösdürilip ýetişdirilýän “Desmodium gyrans” atly ösümlik bolsa, tans etmegi bilen tapawutlanýar. Onuň ýapraklarynyň hereketi telegramma aragatnaşygynda ulanylýan Morze elipbiýiniň harplaryna meňzeýänligi üçin “telegramma ösümligi” hem diýilýär. Bu ot çalaja ellense, Gün şöhlesi düşse, otagyň ýylylygy birden üýtgese, onuň ýapraklary hereket edip başlaýar. Gijelerine onuň ýapraklary aşak sallanýar. Alymlar ösümligiň ýapragyndaky öýjükleriň çişmegi we büzülmegi bilen onuň hereket edýändigini belleýärler. Suw berlende hem onuň ýapraklary birden hereket edýär. Ösümligiň ýapraklary çykyp başlandan bu häsiýete eýe bolýar. Ulaldygyça onuň hereketi hem artýar. Ösümlik sese hereket bilen jogap berýär. Otagda aýdymyň sesi, el çarpmak we beýleki sesler peýda bolanda, ýapraklar bilelikde hereket edýär. Ony ýylyň islendik paslynda tohumy arkaly ekip bolýar. Otag şertlerinde ýetişýän ösümligiň birnäçe ady bar.