Ame­ri­kan ýa­zy­jy­sy Sem­ýu­el De­şil Hem­met 1894-nji ýylyň 27-nji ma­ýyn­da Me­ri­lend şta­ty­nyň Sent-Me­riz et­ra­byn­da dün­ýä in­ýär. 13 ýa­şyn­dan baş­lap, dür­li iş­ler­de iş­le­ýär. Ol se­kiz ýyl­lap de­tek­tiw iş­le­rin­de iş­le­ýär we bu onuň eser­le­rin­de aý­dyň ýü­ze çyk­ýar. Onuň il­kin­ji de­tek­tiw ese­ri 1920-nji ýyl­da ne­şir edil­ýär. Hem­met bäş ro­ma­nyň, bir­nä­çe po­west­le­riň we he­ka­ýa­la­ryň aw­to­ry­dyr. Onuň eser­le­ri özü­niň aý­dyň­ly­gy, ak­gyn­ly­ly­gy, çe­per be­ýan edi­liş usu­ly bi­len köp­le­riň göw­nün­den tur­ýar.
Go­laý­da de­tek­tiw ede­bi­ýa­ty­nyň nus­ga­wy ýa­zy­jy­sy De­şil Hem­me­tiň 90 ýyl mun­dan ozal ne­şir edi­len hem-de şu gün­ki gü­ne çen­li ýit­di ha­sap­la­nan bir he­ka­ýa­sy oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne ýa­ňa­dan­dan el­ýe­ter­li edil­di. Onuň “The Glass That La­ug­hed” (Ýyl­gyr­ýan aý­na) at­ly he­ka­ýa­sy 1925-nji ýy­lyň no­ýab­ryn­da “True Po­lice Sto­ri­es” žur­na­lyn­da ne­şir edil­ýär. Hem­me­tiň ag­ty­gy Ju­li­ýa Ri­wet onuň ede­bi mi­ra­sy­nyň gö­zeg­çi­si bo­lup, şu ma­ha­la çen­li ýit­di ha­sap­la­nan bu he­ka­ýa­nyň ady ag­za­lan žur­nal­da ne­şir edi­len­di­gi­ni jem­gy­ýet­çi­lik to­ry ar­ka­ly anyk­la­ýar we žur­na­lyň şol sa­ny­ny Hem­me­tiň muş­dak­la­ry­nyň bi­rin­den sa­tyn al­ýar. Hä­zir bu he­ka­ýa “Electric Li­te­ra­tu­re” saý­tyn­da ýer­leş­di­ri­lip­dir. Hem­met 1961-nji ýy­lyň 10-njy ýan­wa­ryn­da 66 ýa­şy­nyň için­de Nýu Ýork­da ara­dan çyk­ýar. Ol esa­san “Gan­ly ha­syl” hem-de “Mal­tyý el­gu­şy” ýa­ly ro­man­la­ry bi­len has giň­den ta­nal­ýar.