“The Guardian” neşiriniň habaryna görä, britan ýazyjysy Filip Kerr 63 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Ol aňtawçy Bernhard Gýunter baradaky detektiw trillerleriň hem-de “Çagalar çyragdyr” atly kitaplar toplumynyň awtorydyr. Filip Kerr 1956-njy ýylda ruhanynyň maşgalasynda dünýä inýär. Onuň ejesi gelip çykyşy boýunça Şotlandiýanyň gadymy uruglaryndan. Ol Birmingem uniwersitetinde hukuk ugrundan okaýar, aspiranturany tamamlandan soňra, mahabat agentliklerinde, şeýle hem “Sunday Times”, “Evening Standard” we “New Statesman” ýaly gazetlerde işleýär.
Ol “Mart benewşesi” (March Violets) atly ilkinji romanyny 1989-njy ýylda ýazýar we “Penguin” neşirýatynda çap etdirýär. Ol “Berlin gijesi” (Berlin Noir) atly trilogiýasynyň ilkinji kitabydyr. Şol döwürde 33 ýaşly ýazyjynyň detektiw romanynyň üstünligi oňa mahabat biznesinden daşlaşmaga hem-de edebiýat meýdanyna aralaşmaga mümkinçilik berýär. Onuň birinji kitabynyň yzysüre “Solgun jenaýatçy” (The Pale Criminal,1990), “Germaniýa barada saz mukamy” (A German Requiem,1991) ýaly eserleri halk köpçüligine ýetirilýär. Ýazyjy şol döwürden başlap hem 20-den gowrak eser döredýär.
Kerr romanlardan başga-da öz eserleri boýunça kinofilmler üçin ssenarileri ýazypdyr. Filip Kerr 1993-nji ýylda ýazyjylaryň we tankytçylaryň pikiri esasynda iň gowy 20 britan ýazyjysynyň hataryna girýär. Ol 2004-nji ýyldan fentezi žanrynda çagalara niýetlenen hem-de 7 kitaby öz içine alýan “Çagalar çyragdyr” eserini döredip ugraýar. Ol “Bir-birinden” (The One from the Other, 2006) “Berlin gijeleri” atly 10 romanyň birinjisidir. Ýazyjynyň “Eger-de ölüler direlmese” (Dead Rise Not, 2009) eseri “Ellis Peters Historic Crime award” baýragyna mynasyp bolupdy.