Astrid Lindgreniň adyny göterýän halkara edebiýat baýragyna amerikan ýazyjy zenany Žaklin Wudson mynasyp boldy. Bu barada baýragyň emin agzalarynyň wekili Buel Westin habar berdi. Žaklin Wudson 1963-nji ýylda Nýu Ýorkda dogulýar. Otuzdan gowrak kitabyň awtory bolup, olaryň arasynda romanlardyr şahyrana eserleri uly orun tutýar. Ol, esasan hem, çagalara ýetginjeklere we ululara niýetläp eserleri ýazýar. Onuň iň meşhur eserleriniň biri hem 2014-nji ýylda neşir edilen “Garaýagyz gyz arzuw edýär” (Brown Girl Dreaming) atly awtobiografik romanydyr.
Emin agzalary ýazyjynyň döredijiligi barada şeýle gürrüň berýärler. Žaklin Wudson durmuşda öz ornuny tapmak üçin göreşýän ýaşlar bilen tanyşdyrýar. Onuň eserleri diýseň akgynly ýazylyp, bizi duýgulara baý wakalar dünýäsine syýahata çykarýar. Awtora hasrata we umyda bölünen gündelik durmuşyň özboluşly şahyrana äheňini tapmak başardýar.
Astrid Lindgren baýragy çagalar we ýetginjekler edebiýatynda gazanylan üstünlikler üçin berilýän iri pul sylagydyr. Ol 2002-nji ýylyň ýanwarynda Şwesiýanyň çagalar ýazyjysy Astrid Lindgren aradan çykandan soňra Şwesiýa hökümeti tarapyndan esaslandyrylýar. Baýrak 5 million şwed kronyndan (500 müň ýewro) ybarat. 2018-nji ýylda bu baýraga 60 ýurtdan 235 ýazyjy dalaşgär boldy. Geçen ýyl bu baýraga nemes ýazyjysy Wolf Erlbruh mynasyp bolupdy.