Angliýada 2002-nji ýyldan bäri 50 müňden gowragy müşderilere ýetirilen awtoulagyň “Volvo XC90” modeli iň ygtybarly ulag hökmünde kabul edildi. “Thatcham Research” laboratoriýasy häzire çenli ýol hereketinde bu ulagyň hem goşulan ýol hadysalarynda hiç kime şikes ýetmändigini anyklady. Ygtybarly ulaglaryň sanawynda “Audi Q7” hem öňdeligi eýeleýär. Emma bu modelden 2015-nji we 2016-njy ýyllarda örän az satylypdyr. “Volvo”-nyň beýle howpsuz ulag öndürmeginde onuň ýüze çykyp biljek howpy öňünden duýdurýan, gerek bolan halatynda, ulagy awtomatik usulda duruzýan ýa-da tizligini peseldýän ösen kamera ulgamynyň ornaşdyrylmagy bilen baglydyr. Bu ulgam awtoulag ýolda barýarka, öňündäki ulaga ýa-da başga bir zada golaýlaşan ýagdaýynda oňa degmän, tizligini peseldýär. Awtonom gaýragoýulmasyz duruzyjy (AEB) atly tehnologiýa sürüjileriň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, ätiýaçlandyryş üçin edilýän tölegleri hem azaltmaga ýardam edýär. Ol ulgamda lazer, kamera we radar bar.
“Thatcham Research” bu ulgamy awtoulag senagatynda howpsuzlyk kemerinden soňra edilen iň uly açyş hökmünde kabul edýär. Laboratoriýanyň ylmy barlaglar boýunça ýolbaşçysy Metýu Aweri bu ulgamyň ýol-ulag hadysalaryny azaldýandygyna şübhe ýokdugyna ünsi çekip, tehnologiýanyň ösmegi bilen has ygtybarly ulaglaryň peýda boljakdygyny aýdýar.
Awtoulag žurnalisti Mariýa MakKarti bolsa, bu tehnologiýanyň ýol hereketine gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny üpjün etmekde uly ähmiýetiniň bardygyny aýdyp, sürüjileriň ulgama arkaýyn bolup, birjik-de ýoldan ünsüni sowmaly däldigini belleýär.
“Ford” kompaniýasy hem şeýle ulgamy öz awtoulaglaryna ornaşdyrdy. Emma amerikan kompaniýasynyň bu ulgamy ulagyň tizligi sagatda 50 km-den pes bolan ýagdaýynda güýje girýär.