Adamzat Ýeriň hemrasy Aýa aýak basyp, beýleki planetalara kosmos gämilerini ugratmagy başaran hem bolsa, entek Ýer ýüzi ýeterlik derejede öwrenilmedi. Adam aýagy sekmedik daglarda ýa-da ummanlaryň çuňluklarynda barylmadyk ýerler az däl.
Golaýda tebigaty öwrenijiler iň baý ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligi bilen tapawutlanýan Braziliýanyň iň beýik dagy Serro-de-la-Neblina çykyp, bize ozal mälim bolmadyk jandarlaryň üstüni açdylar. Wenesuelanyň serhediniň golaýyndaky bu dagyň belentligi 2994 metre barabar. Waşingtonyň Tebigy taryhyň milli muzeýiniň hünärmeni Iwan Prates we onuň topary dagyň eteginde uly gözli gyzyl gurbaganyň üstünden bardylar. Soňra bolsa, gije düşlemeli ýerlerine gelenlerinde çal reňkli çişik gurbaga gabat gelipdirler. Bu gurbaga ýüzlerçe görnüşi bolan “Terrarana” maşgalasyna degişli bolup, bu barada ylmy topar köp zat bilmeýär. Onuň DNK nusgalary doly öwrenilip, görnüşi anyklanar.
Biolog Ogustin Kamaço dagyň 2000 metr belentliginde suwulgan görnüşli gurbagany bellige aldy. Ululygy 35 mm bolan bu jandaryň başgaça görnüşi Braziliýanyň demirgazygynda we Gaýananyň käbir ýerinde ýaşaýar.
San-Paulo uniwersitetinden guşlary öwreniji professor Luis Fabio Silweýra agajyň 1,5 metr belentlikdäki şahasynda oturan kindiwanja baýguşa duşupdyr. Guşuň bu görnüşiniň has pes şahalarda ýaşaýandygy alymyň ünsüni çekipdir. Silweýra häzire çenli guşuň 14 görnüşiniň üstüni açdy. Ol bu baýguşuň sesini eşiden badyna onuň üýtgeşik guşdugyny aňandygyny aýdýar. Bu baýguşuň ýaşaýan ýeri we biologik aýratynlyklary barada köp zat bilinmeýär. Şeýle hem Iwan Prates dagyň gerişlerinde 6 sm-lik suwulgana gabat gelipdir. Onuň bedenindäki ak-gara menekler asmandaky ýyldyzlary ýada salýar.
Bu ýerde has iri goňur suwulganyň hem ýaşaýandygy anyklanyldy. Ylmy toparyň agzasy professor Renato de Mello-Silwa bu ýerde ösýän maýda ýaprakly iki metrlik gyrymsy agajy ylym dünýäsi bilen tanyşdyrdy. Professor mundan ozal şeýle üýtgeşik reňkli ýaprakly agajy görmändigini belleýär. Ol ösümligiň ýapraklarynyň tokaýdaky beýleki açyk ýaşyl reňkli ýaprakly agaçlardan bada-bat tapawutlanýandygyny aýdýar.
Iwan Prates dag etegindäki çygly we yssy howaly sümme tokaýlyklaryň arasynda “Allobates” atly maşgala degişli we diňe gündizine peýda bolýan gurbaga gabat gelýär. Ol guşuň saýramagyna meňzeş üýtgeşik ses çykarýar. Bu gurbaga öz maşgalasyna degişli beýleki wekillerinden aýaklarynyň üýtgeşik reňkleri bilen tapawutlanýar.
Her ýyl
syýahat edilýär
San-Paulo uniwersitetinden süýrenijileri, guşlary we ösümlikleri öwrenýän 12 adamdan ybarat alymlar toparyna ýolbaşçylyk edýän professor Miguel Trefo Rodriges şeýle syýahatlary her ýyl geçirýär. Ol häzire çenli azyndan 80 sany täze jandary ylym dünýäsi bilen tanyşdyrdy. Mundan ozal hem bu ýerdäki tokaýlarda başga-da birnäçe jandarlar ýüze çykaryldy.
Alymlar topary öz syýahatynyň çäklerinde ýiti burunlary bilen ýer gazýan, uzynlygy bary-ýogy 2,5 sm bolan ýene bir täsin gurbaga duş gelýärler. Olaryň gijesine hininden çykýandygy aýdylýar.