At­çy­lyk spor­ty öz göz­ba­şy­ny ga­dy­my­ýet­den alyp gaýd­ýar. Spor­tuň Olim­pi­ýa gör­nü­şi bo­lan at­çy­lyk spor­ty, kon­kur gö­zel paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ri­len Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň-da mak­sat­na­ma­sy­na gi­ri­zi­lip­di. Hä­zir­ki wagt­da umu­my­lyk­da at­çy­lyk spor­ty boýunça 4 gör­nüşde ýa­ryş­la­r ge­çi­ril­ýär. Olar ada­ty ça­puw hem-de kon­kur bäs­le­şik­le­ri, aý­ra­ty­nam Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň çäk­le­rin­de meş­hur bo­lan päs­gel­çi­lik­li ça­puw ýa­ryş­la­ry, çy­dam­ly­lyk ça­puw bäs­le­şik­le­ri hem-de iki te­ker­li paý­tun­ly ýa­ryş­lar­dyr. Ada­ty ça­puw ýa­ryş­la­ry aý­law­lar­da ge­çi­ril­se, kon­kur ýa­ryş­la­ry üçin ýö­ri­te päs­gel­çi­lik­ler goý­lan ma­než­ler ge­rek­dir. At­çy­lyk spor­tu­nyň gör­nüş­le­rin­den kon­kur Pa­riž – 1900 II Olim­pia­da­dan bä­ri Olim­pi­ýa spor­tu­dyr. Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da kon­kur ýa­ryş­la­ryn­da iň köp me­da­ly ger­ma­ni­ýa­ly tür­gen­ler ga­zan­dy. 25 al­tyn, 13 kü­müş, 14 bü­rünç, je­mi-52 me­dal bi­len öň­de­li­gi sak­la­ýar­lar. Şwe­si­ýa­dyr Fran­si­ýa­nyň kon­kur­çy­la­ry-da 2–3-nji orun­lar­da bar­ýar­lar. Kon­kur bäs­le­şik­le­ri 1912-nji ýyl­da dö­re­di­len Hal­ka­ra at­çy­lyk sport­la­ry fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ga­ra­ma­gyn­da ge­çi­ril­ýär. Şweý­sa­ri­ýa­nyň Lo­zan­na şä­he­rin­de mer­ke­zi eda­ra bi­na­sy ýer­leş­ýän HASF-yň 134 mil­li fe­de­ra­si­ýa ag­za­sy bar. HASF-yň gu­ra­ma­çy­ly­gyn­da at­ly ge­ze­lenç, at üs­tün­dä­ki oýun­lar, draý­wing ýa­ly Dün­ýä Ku­bo­gy ýa­ryş­la­ry ge­çi­ril­ýär.
Mil­li­on­lar­ça ada­my­ny özü­ne ma­ýyl ed­ýän at­çy­lyk sport gör­nüş­le­ri Or­ta Azi­ýa­da, Arap ýa­ry­m a­da­syn­da, Gün­ba­tar Ýew­ro­pa döw­let­le­rin­de, ABŞ we Ka­na­da­da, Ar­gen­ti­na­da, Awst­ra­li­ýa­da, Tä­ze Ze­lan­di­ýa­da, Mü­sür­de hem-de Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­syn­da, Maw­ri­ki­ýde, Hy­taý­da, Gon­kong­da, Ýa­po­ni­ýa­da, Hin­dis­tan­da, Ma­laý­zi­ýa­da, Fi­lip­pin­ler­de giň­den ýaý­ran­dyr. Hä­zir­ki wagt­da at­çy­lyk spor­tu­nyň dün­ýä­dä­ki pul dolanyşygy, yk­dy­sa­dy gym­mat­ly­gy 125 mil­liard dol­la­ra go­laý­dyr.