Estoniýada geljek okuw ýylyndan başlap mekdeplerde her bir okuwçynyň emeli aň akkaundynyň bolar. Ýurtda orta bilim berýän mekdeplerde elektron enjamlaryň, şol sanda smartfonlaryň ulanylmagy höweslendirilýär. Ýurt soňky ýyllarda PISA maksatnamasynda näçe ýyldan bäri Ýewropada birinji bolup gelýän Finlýandiýadan öňe geçdi. Okuwça baha beriş halkara maksatnama (iňlisçesi: PISA maksatnamasy/Programme for International Student Assessment) 1997-nji ýylda Ykdysady Ösüş we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan esaslandyrylyp, halkara derejede 15 ýaşly okuwçylaryň derslere ýetişigine baha berýär. PISA işleriniň maksady okuw usullarynyň standartlaşdyrylmagyny we ösüşini artdyryp, bütin dünýäde çagalaryň ýetişigini deňeşdirmekden we synag etmekden ybaratdyr.
1,4 million töweregi ilaty bolan Baltika ýurdy soňky PISA synagynda goňşusy Finlýandiýadan öňe geçdi. Şeýlelikde soňky gezek 2022-nji ýylda geçirilen bu synagda ýurduň ýaşlary matematika, tebigy bilimler we netijeli pikirlenme ugurlarynda Ýewropada birinji, okamakda Irlandiýadan soňra ikinji boldy. Ýurtda sanlylyşdyrylmaga uly goldaw berilýär. Okuwçylar smartfonlardan we beýleki elektron enjamlardan okuw maksady bilen peýdalanýarlar. Indi bolsa, ýurtda ýola goýuljak “AI Leap” atly taslamanyň çäklerinde okuwçylaryň we mugallymlaryň dünýä standartlarynda emeli aň gurallaryna we ukyplaryna eýe boljakdygy mälim edildi.
Taslamanyň çäklerinde 2027-nji ýyla çenli 58 müň okuwçynyň we 5 müň mugallymyň iň ýokary emeli aň gurallaryna eýe bolmagy üpjün ediler. Taslamanyň çäklerinde mugallymlara emeli aň tehnologiýalary öwrediler, hemme okuwçylaryň deň derejede bu tehnologiýalara elýeterliligi üpjün ediler we emeli aň öwrediler.
Estoniýanyň bilim we barlaglar ministri Kristina Kallas mekdeplerde el telefonlarynyň okuw maksady bilen ulanylýandygyny belledi. Şeýle hem ýurtda smatrfonlaryň işjeň ulanylýandygyna ünsi çekip, oktýabr aýynda geçiriljek saýlawda 16 ýaşyndan başlap, her bir raýatyň el telefonlary arkaly ses berip biljekdigini aýtdy.