Arheologlara Perudaky Naska belentliginden mundan ozal näbelli bolan 50 sany geoglifleri – Ýeriň üstki gatlagyndaky ägirt şekilleri ýüze çykarmak başartdy. Hünärmenler geoglifleri öwrenip, olaryň arasynda Parakas medeniýetiniň durmuşyny janlandyrýan şekilleriň bardygyny anykladylar.
Naska belentliginde fotokameraly we 3D skanerli pilotsyz uçýan enjamlar arkaly barlaglar geçirildi. Topragyň gurluşynyň özgermegi bilen ýüze çykarylan şekiller onçakly aýdyň bolman, olary uçaryň içinden saýgarmak kyn. Naska jülgesindäki gadymy geometrik şekiller ençeme täsinlikleri özünde saklaýar. Olaryň käbirlerinde haýwanlaryň we ynsanlaryň ýönekeýje şekillerini görüp bolýar. Naskanyň iň belli şekilleriniň arasynda guşlaryň, möýleriň we kelpezeleriň şekillerini saýgaryp bolýar. Olaryň käbiriniň uzynlygy 150 metre ýetýär. Bu şekiller ilkinji gezek amerikan arheology Pol Kosok tarapyndan 1939-njy ýylda Naska belentliginiň üstünden uçup barýarka ýüze çykarylypdyr. Häzirlikçe köp sanly barlag geçirijiler Naska medeniýetiniň galdyran şekilleriniň kim tarapyndan we näme maksat bilen döredilendigini takyk anyklap bilmeýärler. Şeýle hem Naska adalgasy miladydan öň, 500-nji ýyldan, miladynyň 500-nji ýylyna çenli aralykdaky özboluşly arheologik medeniýetde hem giňden ulanylýar.