Hy­ta­ýyň Çžesz­ýan şä­he­rin­de Bü­tin­dün­ýä ro­bot tutluşygy ge­çi­ril­di. Hy­taý me­d­ia to­pa­ry (CMG) ta­ra­pyn­dan gu­ra­lan tä­sin çäre ro­bot­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ri­len dün­ýä­niň il­kin­ji tutluşygy ha­sap­lan­ýar. Ýo­ka­ry uky­by bi­len ta­pa­wut­lan­ýan ro­bot­la­ryň bir­nä­çe­siniň gat­naş­an bu «sport» çä­re­si­ gö­ni ýaý­lym ar­ka­ly gör­ke­zil­di. Eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­sy bi­len üp­jün edi­len ro­bot­lar adam ta­ra­pyn­dan uzak­dan do­lan­dy­ryl­dy. Ada­ty boksda bol­şy ýa­ly, emin ag­za­sy ýy­ky­lan ro­bo­tyň tur­ma­gy üçin san sa­na­dy. Ro­bot­la­ryň ça­la­syn­lyk bi­len ýe­rin­den gal­ma­gy bu teh­no­lo­gi­ýa­nyň nä­de­re­je­de ösen­di­gi­ni gör­kez­ýär. Aw­to­mat­laş­dy­ry­lan teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň dür­li ugur­lar­da or­naş­dy­ryl­ma­gy fi­zi­ki zäh­me­ti ta­lap ed­ýän iş­le­ri ýe­ňil­leş­dir­ýär. Ös­ýän teh­no­lo­gi­ýa has köp ugur­da şeý­le ma­şyn­la­ry ulan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Ak­na­bat ÖWE­ZO­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.