Mongoliýada Çingiz hanyň döwründen 1941-nji ýyla çenli ulanylan köne mongol ýazuwyna gyzyklanma barha artýar. Ýurduň ilaty bu ýazuwa hemişe hormat goýup, ony gorapdyr. Köne mongol ýazuwy beýleki ýazuwlardan tapawutlylykda, keseligine däl-de, dikligine we ýokardan aşaklygyna ýazylýar. Harplaryň şekili Ýakyn Gündogardan gözbaş alýar: Orta asyrlaryň köne uýgur we sogdyý elipbiýiniň üsti bilen gadymy Siriýa ýazuwyna uzaýar. Köne mongol elipbiýi XIII asyrda, ýagny mongollar Ýewraziýanyň ägirt uly giňişliklerine aralaşan wagtlary döredilipdir.
2015-nji ýylda ýurduň parlamenti Beýik Döwlet Huraly kirillisa elipbiýiniň ulanylmagyny makullaýan hem-de mekdep meýilnamasynda Köne mongol ýazuwyny hökmany öwrenmegi ileri tutýan Kanuny kabul etdi.
Aman GURBANGYLYÇEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.