Ita­li­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň As­ta­na we Sa­mar­kan­da eden sa­pa­ry wag­tyn­da stra­te­gi­k hyz­mat­daş­ly­gy güýç­len­dir­mek baradaky şert­na­ma­la­ra, şeý­le hem mö­hüm çig mal we mig­ra­si­ýa ýa­ly dür­li ugur­lar­daky bir­nä­çe şert­na­ma­la­ra gol çe­kil­di.

Ita­li­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Jor­ja Me­lo­ni­niň As­ta­na eden sa­pa­ry wag­tyn­da Ita­li­ýanyň we Ga­za­gys­ta­nyň ara­syn­da je­mi 4 mil­liard ýew­ro ba­ra­bar bir­nä­çe şert­na­malara gol çekil­di. Ta­rap­la­r stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy güýç­len­dir­mek, ne­bit-gaz, gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa we suw äti­ýaç­lyk­la­ry­nyň do­lan­dy­ry­şy ýa­ly dür­li pu­dak­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek ba­ra­da yla­la­şan­dyk­la­ryny mälim etdiler. As­ta­na­da ge­çi­ri­len hal­ka­ra fo­rum­da çy­kyş eden Me­lo­ni Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry bi­len gat­na­şyk­la­ry çuň­laş­dyr­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni aýt­dy.

– Biz halk­la­ry­my­zy bir­leş­dir­ýän dost­lu­gy hem-de köp mö­hüm pu­dak­lar­da stra­te­gi­k hyz­mat­daş­ly­gy­my­zy ber­kit­megi maksat edinýäris. Ita­li­ýa Mer­ke­zi Azi­ýa ma­ýa goý­mak ka­ra­ry­na ge­len il­kin­ji Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ýur­dy bol­dy – di­ýip, Me­lo­ni fo­rum­da eden çy­ky­şyn­da bel­le­di.

Iki­ta­rap­la­ýyn stra­te­gi­k hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da­ky jar­na­ma­dan baş­ga-da, ýurt­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry mö­hüm mi­ne­ral­lar we çig mal ba­ra­da­ky res­mi­na­ma­la­ra gol çek­di­ler.

– Şu gün­ki du­şu­şyk köp ugur­lar­da iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň ös­me­gi­ne örän çyn­la­kaý iter­gi ber­di. Biz ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky söw­da­nyň ös­me­gi­ne uly äh­mi­ýet ber­ýä­ris. Ita­li­ýa Ga­za­gys­ta­nyň üçün­ji uly söw­da hyz­mat­da­şy we Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň iň uly hyz­mat­da­şy­dyr – di­ýip, Ga­za­gys­ta­nyň Pre­zi­den­ti Kas­ym-Žo­mart To­ka­ýew Me­lo­ni bi­len bo­lan du­şu­şy­gyn­da aýt­dy.

Res­mi mag­lu­mat­la­ra gö­rä söw­da­nyň muk­da­ry 20 mil­liard dol­la­ra ýet­di. Hyz­mat­daş­ly­gyň esa­sy ugur­la­ry ne­bit-gaz pu­da­gy, ener­gi­ýa, suw äti­ýaç­lyk­la­ry­nyň do­lan­dy­ry­ly­şy, ma­şyn gur­lu­şy­gy we ag­ro­se­na­gat top­lu­my­dyr.

Ri­miň ady köçä da­kyl­dy

Prem­ýer-mi­nist­r Jorja Me­lo­ni As­ta­na sa­pa­ryn­dan öň, Öz­be­gis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew bi­len Sa­mar­kant­da gep­le­şik ge­çir­di. Gep­le­şik­le­riň bar­şyn­da hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak ba­ra­da­ky jar­na­ma, şeý­le hem mö­hüm çig mal we mig­ra­si­ýa ba­ba­tyn­da bir­nä­çe şert­na­ma­la­ra gol çe­kil­di. Ita­li­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň sa­pa­ry my­na­sy­bet­li Sa­mar­kant­da­ky kö­çe­le­riň bi­ri­ne Ita­li­ýa­nyň paý­tag­ty­nyň ady da­kyl­dy. Pre­zi­dent Mir­zi­ýo­ýew bu ka­ra­ryň iki ýur­duň ara­syn­da­ky çuň­ňur ta­ry­hy we me­de­ni gat­na­şyk­la­ry, şeý­le hem Öz­be­gis­ta­nyň we Ita­li­ýa­nyň halk­la­ry­nyň ara­syn­da­ky dost­lu­gyň we bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­ma­gyň ny­şa­ny­dy­gy­ny aýt­dy. Bu du­şu­şyk­da iki ýur­duň arasynda umu­my ba­ha­sy 3 mil­liard ýew­ro­dan gow­rak bo­lan şert­na­ma­la­ryň bag­la­şyl­ma­gy­ny göz öňün­de tut­ýan jar­na­ma gol çe­kil­di.

Ýat­lap geç­sek, 30-njy maý­da As­ta­na şä­he­rin­de Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň Baş­tu­tan­la­ry bi­len Ita­li­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Jor­ja Me­lo­ni­niň gat­naş­ma­gyn­da il­kin­ji «Mer­ke­zi Azi­ýa-Ita­li­ýa» sam­mi­ti ge­çi­ril­di.

Şeý­le for­mat­da il­kin­ji ge­zek ge­çi­ril­ýän sam­mi­te gat­naş­mak üçin Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedow Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­na iş sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­dy. Sam­mit se­bit­le­ýin yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne, me­de­ni gat­na­şyk­la­ry ber­kit­mä­ge we äh­lu­mu­my möç­ber­de öza­ra yna­nyş­ma­gy iler­let­mä­ge ýar­dam et­mek üçin tä­ze meý­dan­ça­ny hö­dür­le­ýär.