“Görogly” şadessany türkmen halkynyň uzak asyrlaryň dowamynda kalbynda apalap gelen ruhy gymmatlygydyr. Türkmen halky Göroglyny buýsanjy, mertebesi, eždatlaryna goýýan sarpasynyň mukaddesligi hasaplaýar. Halkyň hakydasyna siňenligi üçin hem ol hakyky halky eserdir.
Heniz oglan wagtlarymyz oba gojalarynyň döwre gurap geçmişden söhbet açýan gyzykly gürrüňleri çaga akylymyza berk ornaşypdyr. Şeýle söhbetdeşligiň birinde ömrüni mal yzynda ötüren, köne gürrüňlere gezek gelende huşy metda ýaly diýilýän ýaşulular Agöýli Nepes ogly bilen Meret Atanepes oglunyň Görogly hakyndaky täsin gürrüňleri ýadymda galypdyr. Gojalaryň aýtmaklaryna görä, gadymy Dehistan düzlügi, Mugolonyň düzi diýlip atlandyrylýan düzlükler Görogly begiň kyrk ýigidi bilen at säpjeden ýerleri bolmaly. Olar hatda Göroglynyň aram tapan ýeriniň Etrek etrabynyň Madaw obasyndan 27 kilometr uzaklykdaky Beňňiwan diýen depäniň üstünde ýerleşýändigi barada hem täsin rowaýat kysmy gürrüňi aýdypdylar. Çagalykda aňymda galan şeýle gyzykly gürrüňler meni soň-soňlaram öz günüme goýmady. Göroglynyň ýaşan ýerleri, şadessanda duş gelýän ýer-ýurt atlary bilen gyzyklanmagym maňa Göroglynyň ýaşap öten ýerleriniň Gadymy Dehistan bilen dahylly maglumatlara duş gelmegime sebäp boldy. Şadessanda ýer-ýurt atlaryna häli-şindi duş gelmek bolýar. Professor Mäti Kösäýew “Görogly” şadessanynyň 1980-nji ýylda çap edilen kitabynda şeýle belleýär: “Häzirki Gyzyletrek (Etrek) sebitlerinde ýerleşýän Dehistan düzündäki gadymy şäher Maşady-Misserianda Göroglynyň aram tapan ýeri bar diýen rowaýat aýdylýar. Şunuň bilen baglanyşykly Türkmenistanda, Balkan dagynyň sebitlerinde halkyň keramatly öwlüýäsi hökmünde zyýarat edilip, düýnelip ýörlen Göroglynyň rowaýaty guburynyň bardygyny bellemek gyzyklydyr”.
Şadessanda Araz çaýy, Balkan dagy, Sumbar çaýy, Gürgen çaýy, Dehistan… ýaly ýer-ýurt atlary duş gelýär. Bu ýerler Göroglynyň esasy örüsidir. Göroglyşynaslaryň köpüsi Araz çaýyny Kawkazdaky Araks derýasy hasap edýär. Emma alym Ahmet Bekmyradowyň “Göroglynyň yzlary” atly kitabynda nygtaýşy ýaly, “Meselä içgin çemeleşseň, bu seni onçakly ynandyryp baranok”. Alym şol işinde ”Rus alymlarynyň 1600-nji ýylda Aral deňziniň kartasyny çyzandyklaryny, şol kartada Aral deňzinden baş alyp, Hazar deňzine guýýan Arzas diýlen derýanyň görkezilendigini, megerem, şol derýa şadessandaky Araz çaýy bolsa gerek” diýip belleýär. Bellemeli tarapy, bu at şadessanyň ençeme nusgalarynda Aral çaýy diýlip berilýär. Şadessanda gahrymanyň özi hem muny “Aral derýasyndan, silden bolar men” diýip, tassyk edýär.
Şadessanda Görogly özüniň ýaşan mekanynyň Balkan degresindedigini birnäçe gezek tekrarlaýar.
Ýok meniň zynat – nyşanym,
Balkan degresi mekanym.
Gahryman bu sözleri Gülendam ýeňňesini yzlap Reýhan Arabyň galasyna baranda özüni tanatmak üçin dile getirýär. “Öweziň halas edilişi” şahasynda bolsa:
Pirler medet berer gylyçlaşanda,
Balkan degresinde iliň Öwezjan! – diýmek bilen mesgen-mekanynyň Balkan degresindedigini nygtaýar.
Şadessanda Sumbar çaýy, Gürgen çaýy ýaly häzirki döwre çenli saklanyp galan gadymy derýalaryň atlary hem duş gelýär. Eseriň “Serwijan” şahasynda Hüňkar soltanyň tabşyrygy bilen onuň serkerdesi Şasepit Sumbar derýasyndan geçip, Göroglynyň ýurduna aralaşýar. Şadessandaky şeýle wakalara esaslanyp, Göroglynyň galasynyň Sumbar derýasynyň bäri taraplarynda ýerleşýändigini aýtmak bolýar. Şadessanyň “Kempir” şahasynda bolsa, Görogly beg ogurlanyp äkidilen Gyratyny gola salyp, Nişapur şäherinden alyp gaýdýar. Ol kowgudan gaçyp gelşine Gürgen çaýynyň üstünden gelýär. Çaýdan geçenden soň, türkmen sährasyna ýetip, il-ulsuna aralaşýar. Nişapur Eýranyň demirgazygynda ýerleşýän Horasan welaýatynyň merkezi şäheridir. Gürgen çaýy hem ondan gaty bir uzakda däl. Etrek, Gürgen sebitleri bolsa, türkmen sähralarydyr. Alym Babyş Mämmetýazowyň öz makalasynda bellemegine görä, şadessandan ýazylyp alnan käbir bölek aýdymlarda Görogly Öwez ogluna Etrek, Gürgen töwereklerine göçmegi teklip edýär.
Gel, Öwez, Gürgen göçeýli,
Etrek, Gürgen jaýym bardyr.
Alymyň bellemegine görä, bu setirler Türkmenistanyň Milli golýazmalar institutynda saklanýan 43-nji bukjadan alnan bolmaly. Şadessanyň 1990-njy ýylda çap edilip, okyjylar köpçüligine ýetirilen kitabyndaky “Göroglynyň öýlenişi” şahasynda öz toýuny gutlamaga gelen Dehistanyň, Çandybiliň gelin-gyzlaryna, goç ýigitlerine ýüzlenip:
Toýa gelen Dehistanyň gyzlary,
Gyzlar, gutlaň şu gün näzliň toýuny –
diýen sözleri bolsa, Göroglynyň Çandybil ýurdunyň Dehistan bilen goňşuçylykda bolandygyna güwä geçýär.
Alymlar B. Garryýewiň hem-de B. Mämmetýazowyň 1990-njy ýylda çap edilen “Görogly” şadessanyna ýazan sözbaşysynda belleýişleri ýaly, Günorta-Günbatar Türkmenistan bilen baglanyşykly wakalar şadessana degişli hekaýatlarda uly yz galdyrýar. Olarda beýan edilişine görä, Göroglynyň atasy Jygaly beg agtygy Göroglyny, Öwez we Hasan ogullaryny şu jelegaýlarda terbiýeläp ýetişdirýär.
XVII asyrda ýaşap geçen meşhur türkmen şahyry Garajaoglanyň dogduk diýaryndan alyslarda Watan zaryny çekip ýazan “Amanmy” şygrynda Çandybil ýurdy barada agzalyp geçilýär. Goşgynyň birinji bendinde:
Bizlere mälimdir Dabanbil sözi,
Balkanyň sebtinde Garabil gözi.
Arada ýatandyr Çandybil düzi,
Daşyn gurşan çar daglarym amanmy? –diýen ýaly setirleri Çandybil ýurdunyň Balkan degresinde ýerleşýändigi barada tekrarlanylýar. Ýeri gelende aýtsak, şahyryň ady agzalan goşgusyndaky Dabanbil, Garabil, Kemen, Ýolluja oý, Çaňly böwsük, Bekibent, Müňalan ýaly ýer-ýurt atlary häzire çenli hem şol gadymy atlaryny ýitirmän saklap gelýärler. Bu ýer-ýurt atlary şu jelegaýlarda ýaşaýan her bir adam üçin tanyşdyr.
Balkan degresi, Aral, Sumbar, Etrek, Gürgen çaýlary, Dehistan .. ýaly ýer-ýurt atlarynyň häli-şindi ýatlanylyşy şadessana degişli şahalary mazmun taýdan Balkan sebitleri bilen baglanyşdyrýar. Eserdäki ýer-ýurt atlary bilen bagly ylmy derňewleri alyp barmak bolsa, gelejegiň wezipesidir.
Dörtguly Tagandurdyýew,
Etrek etrabynyň 3-nji orta
mekdebiniň mugallymy.