Aly çaga döwürleri atasyndan şol hekaýaty kän diňläpdi. Hekaýatda içi altyndan doly sandyk barada gürrüň edilýärdi. Emma ol sandyga ýetäýmek aňsat däldi. Geň ýeri, bu hekaýat beýleki hazynaly hekaýatlara meňzänokdy. Onda syrly kartalar çekilen kagyzlar ýokdy. Ol sandygy tapmagyň ýolam üýtgeşikdi. Munuň üçin kyrk sany ýagşylyk edilmelidi. Şol ýagşylyklaryň her birem aýry-aýrylykda kyrk sany janly-jandara ýa ynsana degişli bolmalydy.
Ine, şu hekaýat Ala öz täsirini şeýle bir ýetiripdi welin, atasy ýogalandan soňam ol muny ýatlady ýördi. Ahyry şol hazynany tapmak her näçe kynam bolsa, onuň ugruna çykyp görmegi ýüregine düwdi. Üç ýyllap şol kyrk ýagşylygy amala aşyrjak bolup jan etdi. Kyrk sany nahal oturtdy. Kyrk çagany geýindirdi. Kyrk ýarawsyza seretdi. Kyrk garra kömek etdi. Şeýde-şeýde ol eden ýagşylyklarynyň saýasynda, her kimiň söýgüsini gazandy. Bu Alynyň hem göwnüne hoş ýakman durmady. Şondan soň onuň ady Hydyr Ala öwrüldi.
Ol jemi otuz dokuz gezek kyrk sany janly-jandara, ynsana ýagşylyk edipdi. Indi iň soňky ýagşylyk galypdy. Ol beýlekilere meňzemeli däldi. Ençeme hepde pikirlense-de, üýtgeşik bir ýagşylyk tapyp bilmedi. Ahyry bir ýoluň gyrasynda oturdy-da, gelenden-geçenden maslahat sorap başlady. Ýöne kimden maslahat sorasa, ýa oňa akylyndan azaşandyr öýdüp jogap bermediler, ýa-da öňki eden ýagşylyklarynyň birini aýtdylar. Şeýlelikde, ol ýene çykalga tapmady.
Ine, şol gije hem ol lapykeç halda öýünden çykdy-da, ýoluň gyrasyna geçip oturdy. Ýyldyzly asman dolan Aýyň hem şuglasy bilen ýer ýüzüne ýagty saçýardy. Aly çuňňur oý-hyýallara serini aldyrypdy. Hol aňyrrakda ýek-tük ýanýan çyralar görünýär, käwagtam itiň sesi eşidilýär diýäýmeseň, imisalalykdy. Ine, şol wagtam:
– Heý, köşek! Gel, hany, kömek et! – diýen ses eşidildi. Aly tisginip gitdi. Ses gelen tarapa gaňrylyp seretse, saç-sakgaly jowur ak, ýaşy birçene baran goja dur. Ol arkasyndaky haltany haýaljakdan ýerde goýdy-da, argyn sesi bilen ýene seslendi:
– Oglum! Şu haltany hol, depedäki külbä eltmeli. Ýöne mende ysgyn-deramat galmady. Uzak ýoldan gelýän. Gel, sen kömek et, şuny ýokaryk çykaraly!
Şol wagt Alynyň kellesine indi ençeme aý bäri tapman kösenip ýören ýagşylygyny amal etmek üçin amatly pursat dörändir diýen pikir geldi. Emma ol bu pikirden basym el çekdi. Sebäbi onuň öňünde duran ýeke adamdy. Ol bolsa şol bir ýagşylygy kyrk adama ýa-da jandara etmelidi.
Aly şonda-da “Ýeri, bolýar. Men saňa kömek edeýin” diýip, haltany arkasyna aldy. Olar depä çykyp ugradylar. Goja dillendi:
– Bu ýerde oturyp, nämäň pikirini edýäň beýle?
Aly:
– Wah, bir bilseň, atam! – diýip, oňa hemme zady bolşy ýaly gürrüň berdi. Goja ýylgyrdy-da:
– Bä, görýän weli, ol altynlar seniň üçin juda zerur öýdýän!
– Ýogsa, näme?! Men çagalymdan bäri şol hekaýatdaky altynlary tapmagy arzuw edip gelýän ahyry. Ýöne, gynansagam, soňky ýagşylygy tapyp bilmän kösenip ýörün.
– Öz-ä täsin hekaýat ekeni. Sen, ýöne, ataň sözleriniň çyndygyny bir anyk bilýäňmi? Kim bilýä, belki-de, bu bir ýöne hekaýatdyr?!
Alynyň sypaty çynlakaý görnüşe girdi.
– Ýok, atam aýdan bolsa çyndyr. Ol hiç haçanam ýalan sözlemezdi. Hökman şol sandyk bardyr. Ýöne ony tapmak üçin kyrkynjy ýagşylygy tapmaly-da.
Goja ýene ýylgyrdy:
– Bolýa, köşek! Beýle bolsa, ertir agşama çenli meniň ýanymda bol. Men saňa kyrkynjy ýagşylygy tapmaga kömek edeýin.
Aly şobada razylaşdy. Ynha-da olar depäniň üstündäki külbä gelip ýetdiler. Aly haltany goja berdi. Olam gapyny açdy-da, Ala ýatara ýer görkezdi, garbanara nahar berdi. Soňam:
– Ertir ir turmaly. Ýat-da, birneme ukyňy al! – diýdi. Aly aýdylany etdi. Ertesi ir turdular. Goja haltany Alynyň arkasyna ýükledi. Olar tirkeşip, oba gelenlerinden soň, öýme-öý aýlanyp başladylar. Jahan doly ýagtylmansoň, daş-töwerekde adam-gara ýokdy. Her öýüň gabadyna gelenlerinde, goja haltadan bir düwünçek çykaryp, gapynyň agzynda goýýardy. Şeýlelikde, ylaýyk kyrk öýe aýlandylar. Goja soňky gapynyň agzynda-da bir düwünçek goýdy-da:
– Ine, seniň islegiň-ä berjaý boldy, ogul! – diýdi. Aly bilesigelijilik bilen:
– Atam, ýaňky düwünçekleriň içinde näme bardy? – diýip sorady.
– Kitap bardy. Biz şol öýleriň ýaşaýjylaryna nepi degäýjek kitaplary paýladyk. Mysal üçin, doňýürek adamyň öýüniň gapysynda rehim-şepagata, husyt zenanyň gapysynyň agzynda jomartlyga, maýyplygy sebäpli ýaşaýyşdan lezzet alyp bilmeýän çaganyň öýleriniň işiginde, aslynda, onuň juda kän nygmata eýedigini ýatladýan kitaplar goýduk. Şunlukda, ylaýyk kyrk adama ýagşylyk etdik. Indi arkaýyn içi altyndan doly sandygy alyp bilersiň. Ine, düýn gijeki külbäniň açary. Bar-da, stoluň duran ýerini gaz. Ol ýerde gömülen sandyk bolmaly, ana, şol seniňki.
Aly gulagynyň eşidýän zatlaryna ynanmajak boldy. Begençden ýaňa dylym-dylym edip durşuna:
– Ahyry arzuwyma ýetdim – diýdi. Açary alşy ýalam külbä tarap ýelk ýasady. Baryp görse, hakykatdanam, ol ýerde içi altyndan doly sandyk bar eken. Ol muňa şat bolup, sandykdaky altynlary hasyr-husur halta saldy. Haltanam alyp aşak düşeninde, gojanyň özüne garaşyp durandygyny gördi.
– Ine, hazynanam tapdyň. Sen ony näme etmekçi?
– Näme ederin öýdýäňiz? Halan zadymy aljak. Maşyn, öý, owadan lybaslar, garaz, göwün solpusyndan çykjak… Şa kimin ýaşap, durmuşyň hözirini görjek.
– Diýmek, sen şeýdip bagtly bolaryn öýdýäň-dä?! Ýeri, bolýa… Ýöne eden kömegime derek, senden bir zat haýyş etmekçi, berjaý edermiň?
– Elbetde.
– Göni bir ýyldan şu ýerde duşuşaly!
Aly gojanyň aýdanlary bilen razylaşdy. Ol hakykatdanam baýanyndan soň, ilk-ä kaşaň bir jaý aldy, soňam yzly-yzyna maşyn alyp çalyşdy. Dynç alyşa gitdi, dünýäni aýlandy, gymmatbaha lybaslar geýdi. Emma başdaky höwesi köşeşensoň, bir zada göz ýetirdi. Göwnüniň islän zadyny alsa-da, nämedir bir zady ýetmeýän ýalydy. Bol-telki durmuş ony bagtly etmegiň deregine, gaýtam, lapyny keç edýärdi. Ine, şeýdip, bir ýylam geçdi.
Aly ýüzüni sallap, ýaşuly bilen belleşen ýerine bardy. Öňküsindenem beter bili bükülen goja oňa garaşyp duran eken.
– Nätdiň, köşek, bagtly bolup bildiňmi?
– Ýok, atam! Islän zadymy aldym. Şeýtsem, bagtly bolaryn öýdüpdim. Emma ýalňyşan ekenim.
Goja ýylgyrdy-da, Alynyň arkasyna çalarak kakyp:
– Oglum! Bir ýyl öňki durmuşyň ýadyňa düşýärmi? Sen mydama adamlara ýagşylyk ederdiň. Her gezek bir mätäje kömek edip, bir bendäni begendireniňde, kalbyňy üýtgeşik duýgy gaplap alardy. Ana, şol duýgynyň nämedigini bilýäňmi? – diýdi. Aly:
– Hawa, atam, ýadyma düşýär. Hazyna tapmak üçin her gezek ýagşylyk edenimde, aslynda, öz kalbymy şatlyk duýgusy gaplap alýardy. Adamlara, janly-jandarlara kömek edenimde, olaryň begenji maňa-da öz täsirini ýetirýärdi, şähdim açylýardy – diýdi. Goja:
– Ataň pahyr seniň, ana, şol hazynanyň üstünden barmagyňy isläpdir. Diňe ýagşylyk edip, bagtly bolunýandyr, köşek! Daş-töweregiňdäkilere näçe nepiň degse, sen şonça-da şat borsuň. Seniň ol külbeden alan altynlaryňam diňe meniň bilýän hazynam. Ataň bilen hiç hili dahyly ýok. Ýöne şol hekaýaty gürrüň beren wagtyň, bagtyň syrynyň nämedigini düşündirmek üçin şeýdipdim – diýdi.
Aly ähli aýdylanlary geň galyp diňledi. Diýmek, atasy şol zatlara düşüneri ýaly, zol-zol şol hekaýaty gaýtalaýar ekeni. Goja ondan:
– Indi näme etmekçi? – diýip sorady. Aly ýylgyrdy-da:
– Köp sag boluň, atam! Siz maňa hakyky baýlygyň ile-güne ýagşylyk etmekdigini düşündirdiňiz. Ömrümiň ahyryna çenli muny asla ýatdan çykarmaryn. Mundan beýlägem şol baýlygyň gözleginde bolaryn – diýdi.
Terjime eden
Ahmet MELÄÝEW.