“Transformerleriň” täze ýyldyzy
“Nicke­lo­de­on” te­le­ýaý­ly­my­nyň ýa­şa­jyk ýyl­dy­zy Iza­be­la Mo­ner “Trans­for­mer­ler” film­le­r toplumynyň 5-nji bö­lü­min­de su­ra­ta dü­şer. 14 ýaş­ly aý­dym­çy gyz “Trans­for­mers: The Last Knight” diý­lip at goý­lan film­de baş ze­nan keş­bi ýe­ri­ne ýe­ti­rer. 2017-nji ýy­lyň 23-nji iýu­nyn­da ek­ran­la­ra çy­ka­ryl­jak ki­no­da esa­sy keşp­de Mark Wol­berg su­ra­ta dü­şer. Maýkl Ba­ýyň re­žiss­ýor­ly­gyn­da­ky film­de Ste­fen Mer­çant, Žan Du­žar­din ýa­ly akt­ýor­lar hem çy­kyş eder. Şol sanda 6-njy fil­miň hem 2019-njy ýyl­da ek­ra­n­la­ra çy­ka­ryl­jak­dy­gy ha­bar be­ril­di.
* * *
Işewür zenanlar
“The Twen­tieth Cen­tu­ry Fox” şe­re­ke­ti­niň ga­ra­ma­gyn­da taý­ýar­lan­jak “Wo­men in Bu­si­ness” fil­min­de baş keşp­le­ri Gol­li­wu­dyň owa­dan akt­ri­sa­la­ry Em­ma Stoun, Keýt Mak­Kin­non hem-de Jil­li­an Bell da­gy jan­lan­dy­rar­lar. Ko­me­di­ýa gör­nüş­li fil­miň sse­na­ri­si­ni “Red Oaks” te­le­se­ria­ly­nyň sse­na­ri­çi­si Lau­ra Stei­nel ýa­zar. Ka­na­da iş mak­sat­ly ge­ze­len­je gid­ýän 2 ze­na­nyň ol ýer­de baş­ga bir ze­nan bi­len ta­nyş­ma­gyn­dan soň, ýü­ze çy­kan wa­ka­lar ba­ra­da gür­rüň ber­ýän ki­no­ny Jeýk Si­mans­ki su­ra­ta dü­şü­rer.
* * *
Nina Dobrewiň nobatdaky kinosy
“Wam­pir gün­de­lik­le­ri” (Vam­pi­re Dia­ri­es) se­ria­ly­nyň ýyl­dyzy, meş­hur akt­ri­sa Ni­na Dob­rew “Flat­li­ners” at­ly fil­miň ri­meý­kin­de baş keş­bi ýe­ri­ne ýe­ti­rer. “So­ny” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň he­ma­ýat­kär­li­gin­de taý­ýar­lan­jak film Ju­lia Ro­berts, Ke­win Ba­kon, Oli­wer Platt ýa­ly ar­tist­le­riň keşp jan­lan­dy­ran we Jo­el Şu­ma­he­riň re­žiss­ýor­lyk eden 1990-njy ýyl­da­ky ady­bir ki­no­sy esa­syn­da tä­ze­den su­ra­ta al­nar. Bu ek­ran ese­ri­ne “Až­dar­ha tag­ma­ly gyz” fil­mi bi­len ady­gan Niels Ar­den Op­lew re­žiss­ýor­lyk eder. Öňü­miz­dä­ki ýyl ek­ran­la­ra çy­ka­ryl­jak film­de Dob­rew­den baş­ga-da El­len Peýj, Die­go Lu­na da­gy hem su­ra­ta dü­şer.
* * *
Baş keşbi Deizi Ridli janlandyrar
“Ýyl­dyz sö­weş­le­ri: güýç oýan­ýar” fil­mi bi­len meş­hur­lyk ga­za­nan ang­li­ýa­ly ýaş akt­ri­sa Dei­zi Rid­li bi­len şol ki­no­nyň re­žis- s­ýo­ry J.J. Ab­rams ýe­ne bir ek­ran ese­rin­de bi­le iş­le­şer. Fan­tas­tik tril­ler gör­nüş­dä­ki “Kol­ma” at­ly bu kino ys­ra­ýyl­ly ýa­zy­jy Ke­ren Mar­ga­li­tiň 2003-nji ýyl­da çap­dan çy­kan ese­ri esa­syn­da su­ra­ta dü­şü­ri­ler. Ab­ram­syň prod­ýu­ser­li­gin­dä­ki fil­me Ma­ri­el­le Hel­ler re­žiss­ýor­lyk eder. Ekran eseri üçin 60–70 mil­li­on dol­lar tö­we­re­gi çyk­da­jy edi­ler.
* * *
“Sony”-nyň indiki taslamalary
“So­ny” kom­pa­ni­ýa­sy “Çar­li­niň pe­riş­de­le­ri” (Char­lie’s An­gels) fil­mi­niň tä­ze­den su­ra­ta dü­şü­ril­jek­di­gi­ni ha­bar ber­di. Fil­me bel­li akt­ri­sa Eli­za­bet Benks re­žiss­ýor­lyk eder. Drýuw Ber­ri­mor, Lýu­si Li we Ka­me­ron Di­az da­gy­nyň su­ra­ta dü­şen öň­ki ki­no­nyň tä­ze nus­ga­syn­da kim­le­riň çy­kyş et­jek­di­gi bel­li däl. Şol san­da şe­re­ket “Ýer as­ty dün­ýä­si” at­ly wam­pir film­le­ri­niň 5-nji­si­niň ady­ny hem res­mi ýag­daý­da ha­bar ber­di. Şo­ňa gö­rä-de, Keýt Be­kin­seý­liň baş keş­bi jan­lan­dyr­ýan ki­no­sy­na “Un­der­world: Blood Wars” hem-de tä­ze “Möý adam” fil­mi­ne “Spi­der-Man: Ho­mecoming” diý­lip at go­ýul­dy.