Is­le egin-eşik bol­sun, is­le-de baş­ga bir za­dy sa­tyn ala­ny­myz­da beý­le­ki aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len bir ha­tar­da, onuň reň­ki­ne hem üns ber­ýä­ris. Ýa-da bol­ma­sa, ho­wa­nyň ys­sy gün­le­rin­de açyk reňk­li, gy­şy­na has go­ýy reňk­li eşik­le­ri geý­ýä­ris. Adam­zat jem­gy­ýe­tin­de ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri reňk he­mi­şe äh­mi­ýe­ti­ni sak­lap­dyr. Onuň ma­ny­sy döw­re ýa-da jem­gy­ýe­te gö­rä hem üýt­ge­ýär. Ulu­dan ki­çä hem­me  kişi gün­de­lik dur­muş­da gör­ýän reňk­le­ri­niň kö­pü­si­niň ma­ny­sy­ny has ki­çi­lik­den öw­ren­ýär. My­sal üçin, ýol yşy­gyn­da gy­zyl ýa­nan­da du­rul­ma­ly­dy­gy­ny, ýa­şyl­da geç­me­li­di­gi­ni, el te­le­fo­ny­na jaň ge­len­de, ýa­şyl düw­mä ba­sy­lan­da açyl­ýan­dy­gy­ny, el ýu­waryň gy­zyl reňk­li ta­ra­py açy­lan­da gyz­gyn, gök reňk­li ta­ra­py açy­lan­da so­wuk suwuň ak­ýan­dy­gy­ny bil­ýä­ris. Reňk di­le gö­rä hem baş­ga-baş­ga bol­ýar. Is­len­dik hal­kyň ýa­şa­ýan te­bi­ga­ty şol dil­de reňk­le­riň hem sa­ny­ny, at­lan­dy­ry­ly­şy­ny ta­pa­wut­lan­dyr­ýar. My­sal üçin, tro­pik howaly ýurt­lar­da ýa­şa­ýan mil­let­ler­de has köp reň­kiň ady bar bol­sa, gu­rak te­bi­gat­ly ýer­de ýa­şa­ýan halk­la­ryň dil­le­rin­de has az reňk bar. Şol se­bäp­li kä­bir dil­de şol bir reň­kiň baş­ga öwüş­gi­ni baş­ga­ça reňk hök­mün­de at­lan­dy­ryl­ýan bol­sa, kä­bir dil­­de iki reň­ke bir at ber­lip­dir. Kä­bir halk­da ýa­şyl bi­len gök bir söz bi­len at­lan­dy­ryl­ýar. Iň­lis di­lin­de gök reňk (blue) bir söz bi­len aý­dyl­ýan bol­sa, rus­ça­da açyk hem-de go­ýy gök (синий, голубой) baş­ga­ça at­lan­dy­ryl­ýar. Kä­bir reňk bol­sa, di­ňe bel­li bir jan­da­ryň daş keşbi­ni ta­pa­wut­lan­dyr­mak üçin aý­dyl­ýar. Türk­men­ler­de ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri uly sar­pa go­ýul­ýan jan­dar­la­ryň bi­ri bo­lan at­lar reňk­le­ri­ne gö­rä baş­ga­ça at­lan­dy­ryl­ýar. My­sal üçin, ça­kan (kir­pik­le­ri sa­ry, ça­lym­tyl-ma­wy göz­li at), de­mir­gyr (ça­lym­tyk-ga­ra reňk­li at), boz at (ça­lym­tyl reňk­li), dor at (gyz­gylt-me­le reňk­li) ýa­ly gör­nüş­le­ri bar. Ýa-da bol­ma­sa, goň­rum­tyl-sa­ry reňk­li syg­ra dar­gyl di­ýil­ýär. Ýe­ne bir my­sal, gyz­gylt-go­ňur reňk­li dü­ýä ýa-da ga­za gu­ba di­ýil­ýär. Reňk­le­riň ada­myň duý­gu­sy­na hem tä­sir ed­ýän­di­gi bel­le­nil­ýär. Şol se­bäp­li önüm ön­dü­ri­ji we hyz­mat edi­ji kom­pa­ni­ýa­lar öz ny­şan­la­ry­ny dö­re­den­le­rin­de, reňk­le­re aý­ra­tyn üns ber­ýär­ler. Ýa­şa­ýan ja­ýy­my­zyň, ota­gy­my­zyň, daş­ky gur­şa­wy­my­zyň reň­ki hem ada­myň duý­gu­sy­na tä­sir ed­ýär.

Gün­de­lik dur­muş­da o di­ýen köp ula­nyl­ma­ýan reňk­leriň kä­biri:
Tüsseleç– tüs­se reňk­li.
Symgylt – öçüg­si gy­zyl.
Al – açyk gy­zyl, gy­zy­lyň bir öwüş­gi­ni.
Çypar – sa­ry­ýa­gyz ýü­zü­ni gyz­gylt sa­ry me­nek­ler tu­tan, ör­ten.
Gülgün – öw­şün at­ýan gy­zyl reňk, na­rynç, gül­gü­ne.
Mämişi – sa­rym­tyl gy­zyl.
Hurmaýy – hur­ma­nyň reň­ki­ne meň­zeş, hur­ma reňk­li, go­ýy gy­zyl.
Mardop – go­ýy gy­zyl-goň­rum­tyl.
Mawy – ýi­ti açyk gö­güm­til reňkli.
Mele – sa­rym­tyl goň­ras.
Melewşe – gö­güm­til ýa­şyl.
Mor – gyz­gylt-go­ňur.
Nil – go­ýy gök.

Gy­zyl: ba­da-bat gö­ze il­ýän, hö­wes­len­di­ri­ji, iş­dä açy­jy tä­sir­le­ri bar. Şol se­bäp­li azyk pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýan kom­pa­ni­ýa­la­ryň ny­şan­la­ry­nyň reňk­le­ri köp­lenç gy­zyl bol­ýar.
Ak: päk­li­gi we aras­sa­ly­gy aň­lad­ýar. Şeý­le hem ak yzy­gi­der­li­li­gi we dur­nuk­ly­ly­gy aň­lad­ýar. Köp iş ýer­le­rin­de ak reňk­li eşi­giň ge­ýil­me­gi hem şol se­bäp­li­dir.
Ýa­şyl: te­bi­ga­tyň reň­ki ha­sap­lan­ýar. Yna­my hem aň­lad­ýar. Şol se­bäp­li bank­la­ryň at­la­ry ýa­şyl harp­lar bi­len ýa­zyl­ýar. Ra­hat­lan­dy­ry­jy hä­si­ýe­te eýe bo­lup, dö­re­di­ji­li­gi art­dyr­ýar. Köp ýer­ler­de aş­ha­na­lar we ýa­tyl­ýan otag­lar ýa­şy­la reňk­len­ýär.
Go­ňur: adam­la­ryň ça­la­syn he­re­ket et­mek­le­ri­ne tä­sir ed­ýär. ABŞ-nyň Kan­sas şta­ty­nyň sun­gat mu­ze­ýin­de ge­çi­ri­len bar­la­gyň çäk­le­rin­de onuň di­wa­ry­ny üýt­ge­dip bol­ýan edip­dir­ler. Di­war ak bo­lan wag­ty adam­la­ryň has ha­ýal, go­ňur bo­la­nyn­da çalt he­re­ket eden­di­gi anyk­la­nyp­dyr. Şol se­bäp­li tiz ta­gam res­to­ran­la­ryn­da otur­gyç­la­ryň we stol­la­ryň reň­ki go­ňur, di­war­la­ry bol­sa, açyk reňk­li bol­ýar.
Na­rynç: özü­ne çe­ki­ji, şat­lan­dy­ry­jy, göw­nü­ňi gö­te­ri­ji ha­sap edil­ýär. Gan aý­la­ny­şy­ňy çalt­lan­dy­ryp, ze­hi­ni­ňi aç­ýar. Ça­ga­lar ota­gy, aş­ha­na we na­har­ha­na üçin amat­ly ha­sap­lan­ýar. Iş we dynç alyş ota­gy üçin mas­la­hat be­ril­me­ýär.