De­ňiz­le­riň çuň­luk­la­ryn­da hem-de gu­ry ýer­de be­de­ni yşyk saç­ýan jan­dar­la­ra gabat gelinýär. Bat­ga­lyk­la­ryň go­la­ýyn­da, to­kaý­lyk­lar­da ýa­şa­ýan ýal­pyl­da­wuk tom­zak­la­ra la­tyn­ça “Lam­py­ri­dae” di­ýil­ýär. Bu jan­dar­lar çyg­ly ho­wa­ny ha­la­ýan­dy­gy üçin tro­pik we ýy­ly ho­wa şert­li ýer­ler­de ýa­şa­ýar. Ola­ryň iň ta­pa­wut­ly aý­ra­tyn­ly­gy be­den­le­ri­niň gys­ga wagt­lyk “so­wuk” yşyk ýaý­rat­ma­gy­dyr. Bu ha­dy­sa ola­ryň be­den­le­rin­de bo­lup geç­ýän kä­bir hi­mi­ki re­ak­si­ýa­la­ryň ne­ti­je­sin­de ýü­ze çyk­ýar. Ola­ryň gar­nyn­da­ky öý­jük­ler­den lýu­si­fe­rin at­ly mad­da bö­lü­nip çyk­ýar. Bu mad­da­nyň kis­lo­ro­da galtaşmagy arkaly baş­ga bir mad­da öw­rül­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de bu öý­jük­le­riň bar ýe­ri ýag­ty­lyk saç­ýar. Yşyk yzy­gi­der­li ýa­nyp, sön­ýär. Onuň ýa­nyp-sön­üş ýy­gy­ly­gy tom­za­gyň gör­nü­şi­ne gö­rä üýt­ge­ýär. Içi spi­ral­ly lam­pa­lar ýa­nan­da onuň gyz­gyn bol­ýan­dy­gy­ny bil­ýän­si­ňiz. Se­bä­bi lam­pa ener­gi­ýa­nyň bel­li bir bö­le­gi­ni ýag­ty­ly­ga, köp bö­le­gi­ni gyz­gyn­ly­ga öwür­ýär. Ýal­dy­ra­wuk tom­zak­lar bol­sa, yşyk ýaý­ra­dýan ma­ha­ly gyz­ma­ýar. Onuň ýag­ty­ly­gyn­da inf­ra­gy­zyl we ult­ra­me­lew­şe şöh­le­ler bol­ma­ýar. Bu tom­zak sa­ry, ýa­şyl we öçüg­si gy­zyl ýag­ty­lyk saç­ýar. Ýal­dy­ra­wuk tom­za­gyň 2100 tö­we­re­gi gör­nü­şi bo­lup, ola­ryň kä­bi­ri uçup bil­me­ýär.