Agaçlar we tokaýlyklar ýaşaýyş gurşawyny arassa howa bilen üpjün edýär. Janly-jandarlaryň ýaşamagy üçin gerek bolan kislorodyň uly bölegini ösümlikler öndürýär. Gazetdir žurnallary okaýan, teleýaýlyma tomaşa edýän bolsaňyz, pylan ýerde pylança ýaşly agajyň tapylandygy baradaky habarlara hem duşan bolsaňyz gerek. Agaç kesilende, onuň içindäki halkalaryň sany agajyň ýaşyny görkezýär. Şeýle hem bu halkalar geçen ýyllaryň dowamynda howanyň ýagdaýynyň nähili bolandygyny hem görkezýär. Ýagny, halkanyň arasy giň bolsa, onda şol ýylyň ygally bolandygyny, dar bolsa, gurak geçendigini aňladýar. Hatda tokaýda ýangyn bolup bolmandygyny hem anyklap bolýar. Şeýle hem agajyň ýaşy hasaplananda, ýagşyň köp ýagýan ýerlerindäkiler bilen gurak ýerlerdäkiler tapawutly bolýar. Agajyň ýaşy bilermenler tarapyndan kesilmezden, ondan nusgalyk almak arkaly hem hasaplanýar. Häzirki wagtda ýaşy iň uly agaç sosna (“Pinus longaeva”) bolup, ol ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Sýerra-Newada daglarynyň deňiz derejesinden 3275 metr belentlikdäki gerşinde ösüpdir. Gurap galan agajyň 4900 ýaşandygy aýdylýar.
Agaçlaryň peýdasy sanardan köpdür. Kökleri daglyk ýerlerde topragyň süýşmeginiň öňüni alýar. Tokaýlarda ösümlikler we haýwanlar üçin tebigy suw çeşmesi saklanýar. Howanyň gyzgynlygyny we sowuklygyny sazlaýar. Buguň dykyzlaşyp ýagşa öwrülmegini üpjün edýär. Ilatly ýerlerde howanyň arassa bolmagyny üpjün edýär we galmagalyň öňüni alýar. Gündelik durmuşda ulanylýan köp zadyň çig maly hökmünde agaçlardan peýdalanylýar.