Diýarymyzyň dürli künjeginde ýerleşen, asyrlara barabar ýaşy bolan dünýä belli ýadygärlikler diňe bir syýahatçylyk boýunça däl, eýsem, ylmy babatda hem uly gyzyklanmalary döredip gelipdir. Şeýle ýadygärlikleriň hatarynda Aşgabadyň günbatar eteginde ýerleşen Köne we Täze Nusaýy, Sarahs sebitlerindäki, Hazar ýakasyndaky, Amyderýanyň kenaryndaky, Uzboý sebitlerindäki, Murgap derýasynyň gadymy akabasyna gelşik berip oturan Goňurdepe, Togalakdepe ýaly birnäçe ýadygärlikleri, gadymy Köneürgençde bina edilen ýadygärlikleri görkezmek bolar. Bu ýadygärlikleriň gurluş aýratynlyklary türkmen alymlary bilen bir hatarda, dünýä arheologlaryny hem gyzyklandyryp gelýär.
Murgap derýasynyň gadymy akabasyna gezelenç edeniňde, ol ýerdäki gadymy ýadygärlikleriň biri aýratyn ünsüňi özüne çekýär. Ol asyrlara şaýat bolup oturan Ajyguýy ýadygärligidir.
Eneolit zamanyna degişli bolan Ajyguýy ýadygärligi gadymy Marguşyň altyn sahypasy bolan Goňurdepe toplumynyň aýratyn bölegidir. Hormatly Prezidentimiz Goňurdepe hakda söhbet açyp, şeýle diýýär: “Bu gymmatly ýer bolan Goňurdepe – gadymy Marguş ýurdunyň, ýagny Margiananyň geçmişdäki paýtagty, häzir bolsa Türkmenistanyň Mary welaýatynda Garagum çölüniň jümmüşinde ýerleşýän ägirt uly arheologik toplumydyr”. Ajyguýy Goňurdepäniň merkezinden takmynan 14 kilometr günbatarda ýerleşýär. Bu künjekde ýaşan we maldarçylyk bilen meşgullanan adamlar onuň ýakyn-alyslygyny “Goňurdepede säher bilen otlap ýören mallar Ajyguýa öýlän uçurlary baryp ýetýärler” ýa-da “Ulag bilen gideniňde Ajyguýa bir çäýnek çaý içim salymda ýetip bolýar” diýen sözler bilen beýan edipdirler.
Ajyguýy ýadygärliginden tapylan arheologiýa tapyndylary ol ýerlere gadymy döwürlerde gatnawyň ýola goýlandygyna şaýatlyk edýär. Bu esasan-da Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyny birleşdiren Beýik Ýüpek ýoly bilen baglanyşyklydyr. Taryhçy alymlar tarapyndan ýadygärligiň meýdanyndan tapylan taryhy nusgalaryň Hytaýyň Huanhe jülgesinde öndürilen nagyşly külalçylyk bilen meňzeşliklere eýedigi, olaryň nagyşlarynyň käbirleriniň bolsa eneolit we bürünç döwürleriniň günorta Türkmenistanda Änewden tapylan tapyndylara laýyk gelýändigi haýran galdyryjydyr.
Ajyguýy ýadygärlikler toplumy birnäçe sanlar bilen alamatlandyrylypdyr. Munuň özi ol künjekde dürli gazuw-agtaryş işlerini alyp baran arheologlara taryhy tapyndylary biri-birinden tapawutlandyrmaga esas döredipdir. Ajyguýy-1 ýadygärliginde 2001-nji ýyldan başlap Italiýa döwletiniň Ligabuýe ylmy merkezinden G.Rossi-Osmidanyň ýolbaşçylygyndaky halkara arheologiýa ekspedisiýasy türkmen alymlary bilen bilelikde iş alyp baryp, bu işler özüniň oňyn netijesini berdi. Alymlar ol ýerden külalçylyk sungatyna degişli önümleriň dürli görnüşlerini ýüze çykardylar. Ylmy barlag işlerini alyp baran alymlar ol ýerde ähli küýze önümleriniň küýzegärçilik çarhyny ulanmak arkaly taýýarlanandygyny anykladylar. Külalçylyk kürelerinde keramiki önümler örän ýokary gyzgynlykda bişirilipdir we ýokary hile eýe bolupdyr. Asyrlar aşyp biziň günlerimize gelip ýeten taryhy tapyndylar munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem ol ýerde zergärçilik önümleri – dürli daş we metal monjuklar, saçbaglar, bilezikler, ýüzükleriň dürli görnüşleri tapylypdyr.
2004-nji ýylyň güýzünde Ajyguýy bilen ýanaşyk ýerleşen depede G.Rossi-Osmidanyň ýolbaşçylygyndaky topar gazuw-agtaryş işleri netijesinde eneolit zamanyna degişli bolan istihany ýüze çykardylar. Alymlar onuň gündogar Ortaýer deňiz ýewropeoid jynsyna degişlidigini anykladylar. Bu ýagdaý soňra bu künjekde ýene-de birnäçe gymmatlyklaryň bardygyny ylmy esasda çaklamaga itergi berdi. Şeýlelikde, Ajyguýuda ýene-de halk ekerançylygyna, maldarçylyga, awçylyga degişli birnäçe gymmatlyklaryň ýüze çykarylmagyna mümkinçilik berdi.
Ajyguýy ýadygärligi bilen baglanyşykly gymmatly maglumatlar akademik Wiktor Sarianidiniň “Marguş” atly kitabynda, awtoryň Nadežda Dubowa bilen bilelikde taýýarlan “Gadymy Margiananyň genji-hazynasy” atly kitabynda getirilýär. Hawa, Murgabyň gadymy akabasynyň aýrylmaz bölegi bolan Ajyguýy ýadygärlikler toplumyndan ýüze çykarylan tapyndylar mundan dört müň ýyl ozal ýurtlaryň ilatynyň umumy dünýägaraýşynyň bolandygyny görkezýär.
Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda Gadymy Merw hakynda: “Bu howalanyp görünýän şähere göz aýlamaga çalşalyň. Onuň iň gadymy bölegi – Erk gala, Gäwür gala oňa sepleşip dur, aňyrrakda günbatara uzaýan Soltangala, Abdyllahangala, Baýramalyhangala, olaryň 25 kilometr aňyrsynda bolsa, özüniň irki mekanyndan ýerini eslije üýtgeden häzirki Mary şäheri bar. Açyk asmanyň astyndaky muzeýe öwrülen bu uly giňişlikde hem soňky ýigrimi bäş asyryň taryhynyň yzlaryny görüp bolýar” diýip, örän jaýdar belleýär. Ajyguýy ýadygärligi hem heňňamlardan galan şeýle yzlardyr.
Merjen BAÝRAMGULYÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.