Hormatly Prezidentimiz “Ylym biziň ähli ösüşlerimiziň badalgasydyr, eşretli we bagtyýar durmuşymyzyň gözbaşydyr. Möhüm çözgütleri, derwaýys meseleleri diňe ylmy jähtden çemeleşip, dogry çözmek, uzak möhletli meýilnamalardyr, maksatnamalary ylmy taýdan işläp düzmek biziň esasy ýörelgämizdir” diýip belleýär.
Häzirki döwürde ylym adamzadyň durmuşynda esasy orny eýeleýär. Ylym adamzadyň ähli ösüşleriniň gözbaşydyr. Ähli işler we üstünlikler ylmyň üsti bilen amala aşýar. Şol sebäpli ylym – adamzadyň iň uly baýlygydyr. Halkymyzyň ykbaly geçmişde-de, şu günümizde-de we geljegimizde-de ylym, bilim bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ylym önümçilikde, medeniýetde we gündelik işimizde, umuman durmuşda esasy öndüriji güýç, jemgyýetiň ösüşinde hereketlendiriji güýç bolup hyzmat edýär.
Türkmen topragy ylymlaryň we bilimleriň, medeniýetleriň we sungatlaryň sazlaşykly gülläp ösen gadymy mekanydyr. Köneürgenç, Merw, Nusaý ýaly şäherlerde görnükli akyldarlarymyz Al Horezmi, Al Faraby, Ibn Sina, Abu Reýhan Biruny, Omar Haýýam ýaly alymlar astronomiýa, himiýa, fizika, matematika, geometriýa, lukmançylyk, saz sungaty, taryh, edebiýat, dil bilimi, filosofiýa ýaly ylmyň esasy ugurlarynda ilkinji gymmatly açyşlary, köp sanly ajaýyp oýlap tapyşlary amala aşyrypdyrlar. Olar Gündogarda we Günbatarda ylmyň ösmegine oňaýly täsirini ýetiripdirler. Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda ylmy ösdürmek barada toplan baý tejribesi zehin baýlygymyzy, parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgämizi dünýä ýaýmaga ýardam etdi. Olar mundan beýläk-de ylmy ösdürmekde gymmatly çeşme bolup hyzmat eder.
Türkmenistan döwletimizde ylma uly üns berilýär. Sebäbi ylym adamzadyň durmuşynyň bezegidir, biziň ygtybarly ösüşimiziň kepilidir.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biziň baş wezipämiz Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan nusgawy derejelere götermekden ybaratdyr. Hususan-da, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ösen ýurtlaryň ilatynyň ýaşaýyş derejesine ýetirmek baş wezipeleriň biri bolup durýar. Munuň özi bazar ykdysadyýetine geçilýän döwürde döwrebap tehnologiýalaryň, öňdebaryjy innowasiýalaryň mümkinçiliklerinden önümçiligiň ähli ulgamlarynda ýerlikli we netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny öňe çykardy. Ykdysadyýetiň durnukly we netijeli ösmegi köp derejede ylmyň we innowasion tehnologiýalaryň durmuşa öz wagtynda we netijeli ornaşdyrylmagyna baglydyr. Ylym, tehnika we tehnologiýa önümiň hilini we bäsdeşlige ukyplylygyny, maddy we zähmet şertlerini düýpli gowulandyrmaga, zähmet öndürijiligini, önümçiligiň umumy netijeliligini ýokarlandyrmaga täsir edýär, şonuň bilen birlikde işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlanmagyny hem talap edýär.
Ähli döwürlerde beýik işler, beýik özgerişler ylmyň güýji bilen amala aşyrylypdyr. Ylma, döredijilige, zehine üns berýän ýurt elmydama ösüşde, özgerişde, galkynyşda bolupdyr. Ylym jemgyýeti hereketlendiriji, döwletleri ösdüriji ägirt uly maddy hem ruhy güýçdür. Şol sebäpli hormatly Prezidentimiziň: “Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek, biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris” diýip, bellemegi hakykatdan hem durmuşda ylymyň tutýan ornunyň bimöçberdigini görkezýär.
Ylym adamzat jemgyýetini, şonuň bilen birlikde döwletimizi ösdürmegiň iň esasy ugurlarynyň biridir hem-de her bir döwletiň kuwwatyny, şu gününi we geljegini kesgitleýän esasy gymmatlykdyr. Ylym biziň döwletimizde umumy milli we umumadamzat bähbitli beýik maksatlary durmuşa geçirmegiň ýolundaky berk binýatdyr. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ylmy ählitaraplaýyn ösdürmek, ony hil taýdan täze derejelere çykarmak, ýokary tehnologiýalary ylym-bilim edaralaryna ornaşdyrmak, türkmen alymlarynyň döredijilikli hem-de netijeli işlemegini gazanmak, dünýäniň ösen döwletleri bilen ylym ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda zerur bolan ähli şertler döredilýär. Hut şu nukdaýnazardan, ýurdumyzy dünýäniň örän möhüm ähmiýetli ylym merkezleriniň biri hökmünde ykrar etmegiň ýolunda ylym ulgamynda toplumlaýyn maksatnamalar hem-de milli we umumadamzat bähbitli özgertmeler amala aşyrylýar.
Dünýä jemgyýetçiliginiň Türkmenistana bolan gyzyklanmasynyň has-da artýan döwründe milli ykdysadyýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan ylym ulgamyny mundan beýläk-de ýokary depginde ösdürmek üçin uly işler edilýär. Ylmy-tehniki ulgamyň gurluşyny, hukuk binýadyny kämilleşdirmäge ylma goldaw bermegiň, ylmy maliýeleşdirmegiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ylmyň üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmäge we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda häzirki zamanyň ösen bilimlerinden we ylymlaryndan oňat baş çykaryp bilýän zehinli, ýaş hünärmenleriň, inženerleriň tehnologlaryň we alymlaryň netijeli işlemegi üçin zerur bolan ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär.
Türkmenistan döwletimiziň ylmy-tehniki ösüşini çaltlandyrmak üçin öňde goýlan wezipeler barada aýdylanda, soňky ýyllarda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky ylmy barlag institutlarynda, pudaklaýyn ylmy barlag edaralarynda, şeýle hem ýokary okuw mekdeplerinde köp ugurly we düýpli ylmy işler alnyp barylýar. Alymlarymyz energetika, ýangyç serişdeleri we olary tygşytlamak, himiýa tehnologiýalary we bäsleşige ukyply täze önümleri öndürmek babatda gazanýan üstünlikleri bilen, şonuň bilen birlikde ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan, ýokary hasyl berýän oba hojalyk ekinleriniň täze görnüşlerini döretmekde hem uly işleri amal edýärler.
Türkmen ülkesiniň mineral suwlaryny, bejergi palçyklaryny, hormatly Prezidentimiziň gymmatly kitabynda görkezilen müň bir derde derman ösümliklerini peýdalanmagyň ylmy esaslary işlenip düzüldi. Ýerli çig mallardan ýokary hilli derman serişdeleriniň önümçiliginiň ýola goýulmagy, häzirki zaman lukmançylyk ylymlarynyň we bilimleriniň düýpli ösdürilmegi döwletimizde ylmyň ähmiýetiniň barha ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär.
Watanymyzda ylmyň geljegi dünýäniň ylmy giňişligine çalt we netijeli goşulyşmagy, halkara ylmy we tehnologiýa hyzmatdaşlygynyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegi hem-de pugtalandyrylmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem, häzirki döwürde halkara guramalary we daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlyk etmek babatda gazanylan hökümetara şertnamalaryň we ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berilýär.
Ikramguly Jumagulyýew,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyň jemgyýeti öwreniş
ylymlary kafedrasynyň dosenti,
filosofiýa ylymlarynyň kandidaty.