Hä­zir­ki wagt­da aş­ha­na­la­ry­myz­da­ky ojak­lar­da ýö­ri­te tu­taş­dy­ry­jy en­ja­myň bol­ma­gy se­bäp­li, o di­ýen köp ula­nyl­ma­ýan ot­lu­çöp çak­mak­dan has giç oý­la­nyp ta­py­lyp­dyr. Ot­lu­çö­pe hal­k ara­syn­da kü­kürt hem di­ýil­ýär. Mu­nuň se­bä­bi onuň ba­şy­nyň dü­zü­min­de kü­kürt (S) mad­da­sy bar. Şeý­le hem oňa kü­kür­diň tu­taş­ma­gy üçin hlo­rat ka­liý (KClO3) go­şul­ýar. Mun­dan baş­ga-da sür­tül­mä­ni art­dyr­mak üçin diý­seň az muk­dar­da aý­na kül­ke­sin­den we pyt­ra­maz ýa­ly ýe­lim­den ýa-da krah­mal­dan hem peý­da­la­nyl­ýar. Onuň çö­pü­niň has go­wy ýan­ma­gy üçin pa­ra­fin at­ly mad­da ba­ty­ryl­ýar. Ony ýak­mak üçin ot­lu­çöp gu­tu­sy­nyň gap­da­ly­na bol­sa, gy­zyl fos­for (P) we aý­na kül­ke­si ça­lyn­ýar.
Ot­lu­çöp il­kin­ji ge­zek 1809-njy ýyl­da iň­lis hü­när­men­le­ri ta­ra­pyn­dan oý­la­nyp ta­py­lyp­dyr. Il­kin­ji ot­lu­çöp el­bet­de, hä­zir­ki­ler ýaly bolmandyr. Il­ki tag­ta­jy­gyň bir ujy hlo­rat ka­li­ýe ba­ty­ry­lyp­dyr. Ony tu­taş­dyr­mak üçin kü­kürt kis­lo­ta­sy­na ba­tyr­ma­ly bo­lup­dyr. Bu bol­sa, howp­ly we köp wagt ta­lap ed­ýän iş ha­sap­la­nyp­dyr. Has ýe­ňil ula­nyp bol­jak ot­lu­çö­pi ilkinji bolup, 1831-nji ýyl­da Dol şä­her­çe­sin­de ýa­şa­ýan 19 ýaş­ly fran­suz ta­ly­by Şarl So­ri­ýa ýa­sa­ýar. Onuň kü­kür­de ça­la­ja sür­tül­me ne­ti­je­sin­de, tu­taş­jak fos­for goş­mak pi­ki­ri kel­le­si­ne gel­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da Şwe­si­ýa­da ot­lu­çöp gu­tu­sy­nyň gap­da­lyn­da­ky çöp sür­tül­ýän ýe­ri­ne gy­zyl fos­for çal­mak bi­len tä­ze usul­da­ky ot­lu­çöp­ler peý­da bol­dy. Şeý­le­lik­de, ot­lu­çö­püň uju­na di­ňe hlo­rat ka­liý go­şu­lyp baş­lan­dy. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, ak fos­fo­ra ga­ra­nyň­da, gy­zyl fos­for has yg­ty­bar­ly we sag­ly­ga zy­ýan­syz ha­sap­lan­ýar.