Ýylyň her paslynda dürli miwedir gök önümleriň bolşy ýaly, tebigy we howa şertlerine görä, Ýer ýüzüniň dürli ýerlerinde dürli hili jandarlar we ösümlikler bar. Olaryň käbirini hemi şe diýen ýaly görýän bolsak, käbiri barada asla eşiden hem däldiris. Sebäbi dünýädäki ösümlikleriň we jandarlaryň görnüşi sanardan has kän. Şu sanymyzda köpümize mälim bolmadyk ösümlikleriň käbiri barada maglumat bermegi müwessa bildik.
“Çörek agajy”: bu ösümlige latynça “artocarpus incisa non seminifera” diýilýär. Onuň ata watany ýuwaş ummanynyň kenarlaryndaky tropik sebitler hasaplanýar. Emma Aziýanyň Sunda adalarynda has köp ösdürilip ýetişdirilýär. Goşa-goşadan düwýän miweleriniň diametri 10-17,5 santimetr aralygynda, agramy bolsa 1,5 kg bolýar. Onuň ýapraklarynyň ululygy 25-50 santimetre barabar. Agajyň boýy 20 metre çenli bolup, ýylyň ähli paslynda miwe getirýär. Kökünden gögerip çykýan nahallar arkaly köpeldilýär. Mes topragy halaýan agajyň miwesiniň düzüminiň 25 göterimi krahmaldan ybaratdyr. Şol sebäpli onuň miwesi iýmit hökmünde giňden peýdalanylýar. Ol gaýnadylyp iýilýär. Şeýle hem miwesi üwelip ondan çörek bişirilýär. Täze bişirilen çöregiň ysy edil adaty bugdaý çöregine meňzeş bolansoň, oňa şeýle at berlipdir. Agajy gaýyk ýasalanda, gabygy dokma pudagynda peýdalanylýar.
“Süýt agajy”: oňa latynça “euphorbia trigona” diýilýär. Ösümligiň 2160 görnüşi bar. Kaktusa çalymdaş bolan agajyň öý şertlerinde gül hökmünde ekilýän görnüşleri hem bar. Ýapragyny dilseň, süýt ýaly suwuklyk çykýar. Bu aýratynlyk kaktusyň hiç bir görnüşinde ýok. Çölde ýetişýän kaktuslar aşa sowuga çydamlydygyna garamazdan, bu ösümlik sowuga çydamaýar. Ondan alynýan suwuklyk haýwanlaryň süýdünden has peýdaly hasaplanýar. Şeýle suwuklyk kokosdan hem alynýar.
“Limonad agajy”: fewral aýynda gül açýan bu agaç edil limonadyňky ýaly tagamy bolan miwe berýär. Sitrusyň bu görnüşini limondan tapawutlandyrmak aňsat däl. Onuň miwesiniň turşulygy beýleki sitrus önümleriniňkiden az. Ondan içimlik taýýarlananda, şeker goşmak hökman däl. Şol sebäpli azyk senagatynda giňden ulanylýar.
“Gaýmak agajy”: Amerikada we Hindistanda ýetişýän agajyň (latynçasy: “feijoa”) miweleriniň tagamy we dykyzlygy gaýmagy ýada salýar. Üstesine, bu miweler yssy howa şertlerinde-de birnäçe aýlap zaýalanman saklanýar.